
Durmuşyň her bir meselesinde pähim-paýhasy ileri tutýan ata-babalarymyz nesillere çagalykdan milli häsiýetde terbiýe bermäge çalşypdyrlar. Olaryň sagdyn bedenli bolup ýetişmegi we watançylyk duýgularynyň belent bolmagy dogrusynda alada edipdirler. Bu babatda milli oýunlaryň ähmiýeti örän uly bolupdyr. Milli oýunlar dürli-dürli bolup, olaryň döreýiş taryhy gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Çaga doglanyndan onuň fiziki we aň ösüşine üns berlipdir. Ýaşajyk bedende hereket işjeňligini artdyrmak, aňyny ösdürmek maksady bilen birnäçe hereketli oýunlar döredilipdir.
Hereketli milli oýunlar beden sagdynlygy üçin ähmiýetli. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň ýöredýän syýasatymyzyň baş maksady jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden we sagdyn bedenli, belent ruhly nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr» diýip belleýär. Şundan görnüşi ýaly, hereketli milli oýunlar sportuň bir görnüşidir.
Sporta höwesiň ýokary bolmagy milli terbiýe bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Pederlerimiz öz ogullarynyň edermen, gaýratly, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmegi üçin uly alada edipdirler. Ýagşy görüm-görelde, parasatly pikirler arkaly akyl terbiýesini, ýaşyna görä hereketde bolmaklaryny gazanmak arkaly bolsa zähmet terbiýesini beripdirler. Bularyň ikisinde-de milli oýunlaryň orny uly bolupdyr.
Ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, akyl taýdan kämil, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda her bir sapagy dürli usullarda gyzykly, kämil guramak, netijeliligini ýokarlandyrmak, çagalaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak terbiýeçä bagly bolup durýar. Çagalaryň sapaga gyzyklanmasyny artdyrmagyň täsirli serişdeleriniň biri hem sapak wagtynda we sapakdan daşary geçirilýän öwrediji oýunlardyr. Bu usul çagalarda sapaga bolan oňyn gatnaşygy emele getirýär, okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Öwrediji oýunlar çaganyň bilesigelijiligini oýandyrýar, akyl ýetirijiligini, logiki pikirlenmäni, duýgurlygy işjeňleşdirýär. Sapakda oýunlary guramak terbiýeçiniň oňat taýýarlygyny we ussatlygyny talap edýär. Çaganyň sapaga bolan gyzyklanmasyny öwrediji oýnuň düzümine girýän görkezme esbaplar bilen ýokarlandyryp bolýar. Bu işleri sapagyň dürli görnüşlerinde geçirmek bolýar. Çagalar bagynda terbiýeçi çagalar bilen geçýän gündelik sapaklaryny döredijilikli guramaga, dürli serişdeleri her bir tema laýyk getirmäge, olary gerekli ýerinde ulanmaga ukyply bolmalydyr. Öwrediji oýnuň netijeli bolmagy üçin oýunda nähilidir bir täzelik bolmaly. Çagalary gyzyklandyrýan oýunlary saýlap almaly.
Öwrediji oýunlaryň mazmunyna okuw maglumatlarynyň siňdirilmegi mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan çagalar üçin her bir düşünjäni özleşdirmegiň iň oňaýly usulydyr, terbiýeçi üçin bolsa sapagy gyzykly, işjeň usulda, döwrebap guramagyň we netije gazanmagyň açarydyr. Şeýle oýunlar miras hem milli pedagogikadyr, sport hem sagdynlykdyr. Olary ýaş nesle öwretmek, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek bolsa milli pedagogikanyň täzeçe öwüşgin bilen dowam etmegidir.
Kamala HAMRAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.