
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň medeni ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri — geçmişimiziň baý taryhy hakydasyny halkymyza we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Bu maksatlary amala aşyrmakda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmek Türkmenistanyň syýasy strategiki ýörelgeleriniň biridir. Bu halkara düzüm bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi Türkmenistanyň örän baý medeni-taryhy mirasyny, ajaýyp tebigy ýadygärliklerini gorap saklamak we wagyz etmek barasyndaky bilelikdäki tagallalaryň ýokarlanmagyna berk esas bolup hyzmat edýär.
Bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda Milli Liderimiziň başyny başlan medeni diplomatiýasy esasynda ummasyz işler durmuşa geçirildi. Bu asylly ýörelgeleri ýokary derejede dowam edýän döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy täze ugurly ösüşlere eýe boldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geçen döwründe biziň döwletimiz ÝUNESKO-nyň halkara konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy, şonuň netijesinde Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly gadymy ýadygärlikler toplumlary möhüm taryhy ähmiýetli milli gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, «Türkmen halyçylyk sungaty», 2021 — 2023-nji ýyllaryň dowamynda hem «Dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» hem-de «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýle hem geçen ýyl Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda hödürlenen «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary sanawa goşmak baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk barha giňelýär, täze anyk many-mazmuna eýe bolýar. Soňky ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klublary açyldy, umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy. Şeýle hem geçen ýylyň maý aýynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, noýabr aýynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda bellenilip geçiljek ýubileý seneleriň sanawyna goşulmagy Türkmenistanyň hoşniýetli we dost-doganlyk gatnaşyklara gönükdirilen medeni diplomatiýasynyň ajaýyp ýeňişleridir.
Häzirki wagtda türkmen halkymyzyň özboluşly milli mirasyny, medeni gymmatlyklarynyň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýawly saklamak, geljekki nesillere ýetirmek we ylmy esasda öwrenmek, olaryň ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek, dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak babatynda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ylaýta-da, milli metbugatyň, teleradioýaýlymlaryň, web-saýtlaryň üsti bilen Türkmenistan ― ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň taryhy, gazanylan üstünlikler, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna giren taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň aýratynlyklary we ähmiýeti halk köpçüligine yzygiderli wagyz edilýär.
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösmegi, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzünde uly hormat-sarpa eýe bolmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gülüstan JOMARTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.