
Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Sport — parahatçylygyň ilçisi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri we beýleki degişli desgalar guruldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk we anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde birnäçe sport desgalary — köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion guruldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýip belledi. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, umumybilim berýän, şeýle-de ýöriteleşdirilen orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe taýýarlygy boýunça sapaklar girizildi. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin edilýän tagallalardan nyşandyr.
Süleýman ŞARIPOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.