Slider

Zerewşan — Garagum: Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm geçelgesi

05-07-2024 / 21

Täze taryhy döwrümizde gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärliklerimiz çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň uly ylmy we taryhy ähmiýeti bardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedir. Şonuň esasynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasynyň kabul edildi. Degişli hödürnama esasynda ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň 6-sy, ýagny Lebap welaýatyndaky gadymy Amul galasy we Mary welaýatyndaky Mansaf galasy, Könegala, Akjagala we Gyzyljagala kerwensaraýlary hem-de orta asyr Kuşmeýhan duralgasy bu halkara düzümiň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi sebitiň ekoulgamyny goramakda, medeni gatnaşyklary berkitmekde, tebigy täsinlikleri gorap saklamakda örän wajypdyr. Sebäbi Beýik Ýüpek ýoly ýüzýyllyklaryň dowamynda diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine däl, eýsem, medeniýetleriň baýlaşmagyna, aň-bilimleriň kämilleşmegine hem täsirini ýetirdi.

Häzirki wagtda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, köp sanly taryhy ýadygärlikleri dikeltmek we öwrenmek işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Ýagny gazuw-agtaryş, meýdan ylmy-barlag işlerini geçirmek, arheologik tapyndylary öwrenmek, ekspedisiýalary guramak we beýleki göz öňünde tutulan toplumlaýyn wezipeler, ylmy-amaly maslahatlar degişli maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Muňa dünýäniň alymlary bilen birlikde türkmen ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, ýaş hünärmenler hem işjeň gatnaşýar. Şu ýylyň 25-26-njy aprelde «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli ilkinji gezek «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Orazgeldi MYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu