
Birleşen Milletler Guramasy — parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara guramadyr. Parahatçylygy elmydama depesine täç edinen türkmen halky hem Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanda saparda bolmagy hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Bu taryhy waka halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, saýlap alan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygyny görkezdi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplady hem-de häzirki wagtda BMG-niň Merkezi Aziýa sebitindäki ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen ýurdumyzyň Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ugurlaryny we mazmunyny kesgitledi, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge, içerki ösüşi höweslendirmäge, milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň öňbaşçysy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoludyr. Munuň özi Bitarap döwlet hökmünde biziň dünýä bileleşiginiň öňündäki borçnamalarymyzdan, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly ýollar bilen çözmegi öňe sürýändigimizden gelip çykýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň şu gezekki sapary hem-de gepleşikler netijeli köpýyllyk gatnaşyklary giňeltmegiň, ony ählumumy bähbitlere laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar. Ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri, döwletli başlangyçlary bilen ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Enejan MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.