«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişine görä, türkmen zyýaratçylarynyň uly topary haj parzyny berjaý edip, Türkmenistana gaýdyp geldiler.
Zyýaratçylar ýörite uçarda Aşgabat Halkara howa menziline geldiler. Soňra olar döwrebap awtobuslarda «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar. Metjidiň ýanynda olary dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary garşyladylar. Zyýaratçylar bu ýerde hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Din işgärleri hem-de zyýaratçylar milletiň örän baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde milli däp-dessurlary dowam etmegiň we olaryň aýawly saklanylmagynyň ýaş nesilleriň terbiýelenilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa bu meseleleriň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde üns berilýändigi, haj parzyny ýerine ýetirmäge zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Haj parzyny berjaý eden zyýaratçylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.