
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna gönükdirilýän ünsüň, daýhanlara berilýän goldaw-hemaýatyň, tehniki-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, pudaga döwrebap usullary ornaşdyrmak babatdaky köpugurly tagallalaryň netijesinde, sahawatly türkmen topragynda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, edermen daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdirýän bugdaý hasyly halkymyzyň saçaklarynyň berekedidir, berkarar döwletimiziň abadançylygynyň we mizemezliginiň berk binýadydyr.
Geçen ýylyň güýzünde ekilen bugdaýdan bereketli hasyl almak üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, daýhanlar ýokary öndürijilikli, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarydyr gurallar bilen bökdençsiz üpjün edildi. Bu bolsa gallaçy kärendeçilere ideg işlerini, agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berdi. Oba zähmetkeşleri gerek mukdardaky mineral dökünler, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen hem öz wagtynda üpjün edildi, üstesine ýagynly günler, amatly howa şertleri ekine oňyn täsirini ýetirdi. Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy bolsa daýhanlaryň işe bolan höwesini has-da artdyrdy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 690 müň gektarda ýetişdirilen dokmaňyz ak bugdaýdan 1 million 400 müň tonna hasyl almagy maksat edinen gallaçylar orak möwsümini depginli alyp barýarlar. Dünýä belli meşhur kompaniýalaryň «John Deere» hem-de «CLAAS» kysymly kämil tehnologiýaly, ýokary öndürijilikli kombaýnlarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Gyzgalaňly günlerde elewatorlarda, galyberse-de, galla önümleri kärhanalarynda alnyp barylýan işler öwgä mynasyp. Olarda edermen daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen guşgursak ak bugdaý bildirilýän talaplara laýyklykda kabul edilýär. Orlan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara daşamakda ýük ulaglarynyň sürüjileri, kabul ediş nokatlaryna gelip, gallanyň hilini anyklamakda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.
Bu gün gözýetime uzaýan tylla öwüşginli, bereketli meýdanlarda päk zähmet barha joş alyp, oragyň depgini sazlaşykly ýokarlanýar. Şeýle zähmet depgininiň üpjün edilmegi ak ekin ussatlarymyzyň gysga wagtyň içinde harmana goşan guşgursak bugdaýynyň möçberiniň 1 million tonnadan geçmegine şert döretdi. Şu şanly günlerde Gahryman Arkadagymyzyň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp, bu ýerde zähmet çekýän adamlar bilen duşuşmagy, işleriň gidişi bilen tanyşmagy ildeşlerimiziň göwnüni galkyndyrdy.
Şyhnazar MÄTÝAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.