
Innowasion şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheri häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we özboluşly binagärlik çözgütlerini, milli binagärligiň iň gowy däplerini, dünýäniň iň döwrebap tejribesini özünde jemleýär. Gurluşygynda öňdebaryjy maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ulanylan Arkadag şäheriniň halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarydyr diplomlarynyň ýigrimiden gowragyna mynasyp bolmagy tötänden däldir. Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäheriň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilendigi bellärliklidir. Munuň özi döwletimiziň bu ugurda alyp barýan ägirt uly işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy esasy talaplaryň biri boldy. Bu bolsa şäheriň ilaty üçin amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Ähli binalardyr desgalar, şol sanda iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamlary dünýä ülňülerine laýyklykda guruldy. Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzümi döredildi. Giň şaýollar, köçeler häzirki zaman yşyklandyryş we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Täze şäherde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi.
Täze şäheriň saglygy goraýyş, bilim, sport ugurly binalarynyň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, çagalar baglaryny, umumybilim berýän orta mekdepleri, lukmançylyk edaralaryny, sport toplumlaryny görkezmek bolar.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek birnäçe möhüm ähmiýetli medeni çäreler geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda guralan “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal, “Ýylyň parlak ýyldyzy” estrada bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we beýlekiler şolaryň hataryndadyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadag şäherinde geçirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu medeni forum döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, halkymyzyň medeniýet derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Röwşen BÄŞIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.