Özbegistan Respublikasynyň bäş şäherinde – Daşkent, Samarkand, Buhara, Jizak we Hywada Bütindünýä ýaşlar festiwaly geçirildi. Onuň çäklerinde ýaşlaryň meselelerini öwrenmek boýunça ylmy-amaly maslahat, ýaş parlamentarileriň mejlisi, Arkalaşygyň ýurtlaryndan ýaş telekeçileriň gatnaşmagynda ýaş okyjylar üçin bäsleşigi hem-de küşt boýunça ýaryş geçirildi. Çäreleriň köpüsi Ýaşlaryň döredijilik köşgünde boldy. Onuň girelgesiniň öňünde ýörite ýadygärlik binasy açyldy.
Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar işleri boýunça döwlet agentligi Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň gurnaýjysy hökmünde forumyň baş wezipesini şeýle kesgitledi: hyzmatdaşlyga we bähbitleriň sazlaşygyny tapmaga esaslanan adalatly, köp taraply dünýä bolan umumy geljegi bilelikde gurmaga garaşýan tutuş Ýer ýüzüniň ýaş hem-de işjeň adamlarynyň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmak.
Festiwala gatnaşyjylar üçin sergileri, medeni ýörişleri hem-de dürli bäsleşikleri özünde jemlän köp ugurly dynç alyş we medeni maksatnama taýýarlanyldy. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäheri 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döwletleriniň Ýaşlar paýtagty diýlip yglan edildi. Özbegistanda ýaşlaryň festiwalynyň ilkinji gezek geçirilendigine garamazdan, oňa dünýäniň 150-den gowrak ýurtlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Festiwalyň myhmanlary we eýeleri forumyň açylyşyndan başlap, uniwersitetleriň sergisi bilen tamamlanan çäreleriň ählisiniň ýaşlaryň durmuşynda möhüm orun eýeländigi barada bir pikirde boldular. Bu çäreler dürli ugurlarda zehinli ýaşlary birleşdirýär, olar öz pikirlerini, iş-tejribelerini paýlaşýarlar hem-de olaryň hyzmatdaşlygyny geljekde dowam etmäge hyzmat etjek täze pikirlerini bilelikde işläp taýýarlaýarlar.
Türkmenistanyň ýaşlary halkara festiwalyň çärelerine gatnaşyp, şeýle çäreleri guramagyň tejribesini topladylar we şol bir wagtda-da, onuň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşandyny goşdular.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm