HabarlarSlider

Gahryman Arkadagymyz ŞHG-nyň sammitinde çykyş etdi

Astana

05-07-2024 / 127

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Ýokary derejeli duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyzlyk” köşgüne ugrady. Bu ýerde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti geçirildi.

ŞHG-niň hemişelik esasda hereket edýän halkara hökümetara guramadygyny bellemek gerek. Onuň işiniň esasy wezipeleri sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek maksady bilen tagallalary birleşdirmekden, syýasy ulgamda oňyn dialogy, netijeli söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Gazagystan Respublikasy şu sammiti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýän ýurt hökmünde kabul edýär.

Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-ä agza döwletleriň hem-de guramada synçy we dialog boýunça hyzmatdaş derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary hem çagyryldy. Binanyň uly mejlisler zalynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “ŞHG+” görnüşindäki mejlisi geçirildi.

Çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine çakylygy, myhmansöýerlik hem-de mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris. Şeýle çemeleşme Türkmenistanyň meýillerine doly laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleşýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Elbetde, Türkmenistan ŞHG-niň işiniň esasyny düzýän parahatçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, hyzmatdaşlyk ýaly düýpli ýörelgeleri doly paýlaşýar. Biziň ýurdumyz bu gurama bilen olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň üstünde işlemäge taýýardyr.

Türkmenistan indi ençeme ýyllaryň dowamynda halkara giňişlikde parahatçylygyň kepili hökmünde dialog başlangyjyny öňe sürýär. Bu pikir biziň sammitimiziň mowzugyna doly laýyk gelýär. Biz muny BMG-de, beýleki abraýly köptaraplaýyn düzümlerde bilelikdäki netijeli işe başlamak üçin oňat mümkinçilik diýip hasaplaýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynda berkidildi. Bu bolsa parahatçylyk we parahatçylyk döredijilik gün tertibi boýunça umumy çemeleşmeleri hem-de utgaşykly garaýyşlary işläp taýýarlamak maksady bilen, biziň döwletlerimizi BMG-de geňeşmeler we gepleşikler prosesine doly derejede çekmek üçin syýasy-hukuk esaslaryny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ŞHG bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjymyzy goldamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak isleýär. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe sürüldi. Bu teklibiň oňyn seslenme döreden halatynda, biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna syýasy geňeşmeleriň degişli meýilnamasyny işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berip bolardy. Siziň bu teklibi goldamagyňyza umyt edýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň daşary syýasy bölegini teswirlemek bilen, Bitarap Türkmenistanyň esasy maksatlarynyň diňe parahatçylykly, durnukly we açyk-aýdyň ösüş bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň esasy hökmünde birek-birege hormat goýmak ýörelgesine daýanýan dialogyň formulasyna özara gatnaşyklaryň hut şeýle ugruna geçmegiň, olary yzygiderli ösdürmegiň we ýagdaýy kadalaşdyrmagyň esasy şerti hökmünde garaýar.

Hormatly Arkadagymyz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlyga berýän bahasynda özara ykdysady bähbitleriň sazlaşdyrylmagyndan ugur alýandygyny belledi. Bu gün eýýäm hyzmatdaşlygyň geljegi we onuň uzak möhletli häsiýete eýedigi äşgärdir. Ýewraziýa giňişligi egsilmez serişdeler we demografik kuwwata eýedir, ol okgunly ykdysady ösüşi, ajaýyp ylmy-tehnologik üstünlikleri görkezýär. Bu ýagdaýlar bilelikde Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň strategik ulgamlarda — ulag-kommunikasiýa, energetika ulgamlarynda, beýleki köp ugurlarda netijeli gatnaşyklary babatda oňyn mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.

Türkmenistan geografik taýdan bu uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýar. Onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda hem-de düzümlerde işleşmäge taýýardyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz üstaşyr ulag ulgamy babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry aýratyn belledi.

Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistik nukdaýnazardan, bu örän amatly ýoldur. Onuň netijeli işlemegi üçin möhüm meseleleri, şol sanda ýükleriň serhetüsti daşalmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek zerur bolup durýar.

Türkmenistanyň hem-de ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagynda beýleki bir möhüm ähmiýetli utgaşykly ugur Türkmenbaşy şäheriniň üsti bilen Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça we soňra günorta tarapa, Eýranyň aýlagdaky deňiz terminallaryna barýan Demirgazyk — Günorta geçelgesi bilen baglanyşyklydyr. Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatyny birleşdirmek bilen baglylykda, oňa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtlarynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň bardygyny görýäris diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Energetika ulgamynda hem bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikler bar. Türkmenistan ŞHG ýurtlaryna iberilýän uglewodorod çig malynyň we elektrik energiýasynyň möçberini ep-esli artdyrmak mümkinçiligine eýedir. Şunda hormatly Arkadagymyz tebigy gazyň möçberi we iberilýän möhletleri babatda ýurdumyzyň şertnamalaýyn borçnamalaryny takyk ýerine ýetirýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ŞHG-niň gyzyklanma bildirýän döwletlerine Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Owganystanyň çäginde amala aşyrylýan energetika we kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmaklarynyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Gürrüň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada barýar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda söwdany, senagat kooperasiýasyny, oba hojalyk ulgamyny, “ýaşyl” gün tertibini, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen, serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklarynyň-da geljegi uly hasaplanýar.

Türkmenistan ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny beýan edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Ýurdumyz taryhy-medeni mirasy öwrenmek, innowasion geljek, ýaşlaryň daşky gurşawy goramaga goşandy, ýaşlar telekeçiligi we işewürlik taslamalary ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki ýaşlar maksatnamalaryny işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär. Sport babatdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” derejesine mynasyp boldy. Bu dereje giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda ŞHG döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagy arkaly hyzmatdaşlyk üçin açyklygy göz öňünde tutýar.

Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu