
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistany 2022 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, çagalary okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi.
Bagtyýar çagalygyň mekany hasaplanýan Garaşsyz Türkmenistanda ýaş nesil baradaky alada yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir tutumda, döwletli işde göwünlerimiziň guwanjy bolan körpeleriň bagtyýarlykda ýaşamagy ugrunda uly tagallalaryň edilýändigini görmek bolýar. Körpeleriň tomusky dynç alşynyň täsirli hem peýdaly bolmagyny gazanmak maksady bilen, etrap ýaşlar guramasynyň guramagynda etrabymyzyň 10-njy çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Bagtly çagalygyň mekany» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Bu çärede etrabyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Ogulnabat Geldiýewa, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Aknur Geldiýewa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda ýaş raýatlaryň röwşen geljegini gurmak maksady bilen köp ýyllardan bäri BMG-niň çagalar gaznasy bolan ÝUNISEF bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilip gelýändigini nygtadylar. Sözleriniň soňunda bolsa ýaş nesillere okamaga,döretmäge, gurmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Täzegül ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.