Slider

Şöhratly topragyň taryhy beýany

22-06-2024 / 8

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegi bu topragyň şöhratly taryhyny beýan edýän ygtybarly maglumatlary has içgin öwrenmäge, bu ýerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan täsin tapyndylaryň ähmiýetine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi.

Kitapda Änew medeniýetiniň mirasdüşeri bolan bu künjegi täze taryhy döwrüň ruhuna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan belent maksatly işler barada-da söhbet edilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Änew medeniýetiniň ýadygärlikleriniň öwrenilmegi XIX asyryň ahyrlarynda başlandy. 1886-njy ýylda Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçysy general A.W.Komarow Änew galasyndan uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän iki sany beýik depä üns beripdir. Şondan soň R.Pampelliniň geçiren toplumlaýyn ylmy-barlag işleriniň netijesinde toplanan täsin arheologik maglumatlar Merkezi Aziýanyň eneolit döwrüniň ýadygärliklerini öwrenmekde uzak wagtlap esasy çeşme bolmagynda galypdyr. Änew medeniýetiniň üstüniň açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde-de uly ähmiýete eýe bolupdyr. Adamzat medeniýetiniň ilkinji ösen merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen Änewiň gadymy depeleriniň ХХ asyryň bütin dowamynda alymlaryň üns merkezinde bolmagy tötänden däldir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bu täsin ýadygärlikleri öwrenmekde täze tapgyryň başyny başlap, türkmen taryhçylarynyň we arheologlarynyň daşary ýurtly hünärmenler bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmekleri üçin giň mümkinçilikleri döretdi.

Hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekýär. Olaryň açyşlary halkymyzyň beýik geçmişiniň bolandygyny tassyklaýar. Häzirki wagtda-da türkmen topragynda halkara arheologik ekspedisiýalaryň birnäçesi iş alyp barýar. Ýurdumyzyň alymlarydyr hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde bu ýerde saklanyp galan köp sanly arheologik ýadygärlikleriň medeni gatlaklaryny öwrenýärler. Şöhratly geçmişimiziň ýadygärlikleri örän ähmiýetli gymmatlyklar bolmak bilen, halkymyzyň taryhy we medeni tejribesini, türkmen döwletliliginiň şanly senelerini şöhlelendirip, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşandygyna şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan eseri bolsa döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny şöhlelendirýär.

Hojageldi HOJAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu