Slider

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

22-06-2024 / 16

Türkmen taryhynda ilkinji gezek «akylly» şäher guruldy. Ol Merkezi Aziýada durmuş infrastrukturasy elektronlaşdyrylan ýeke-täk şäherdir. Bu başlangyç Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Ýaşaýyş jaýlaryny, dolandyryş, bilim, medeni we saglygy goraýyş edaralaryny, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri — dürli maksatly desgalaryň we binalaryň 336-syny özünde jemleýän innowasion şähergurluşyk taslamasynyň birinji tapgyry bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtyň içinde amala aşyryldy.

Ady rowaýata öwrülen Akhan bedewiniň şöhratly keşbini janlandyrýan bina — «Akhan» binasy täze şäheriň baş bezegine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Akhan çarpaýa galyp, 10 metr aralyga ýöremek boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu toprak ahalteke atlarynyň ösüp-örňän, türkmen atşynaslyk we seýisçilik däplerini sungat derejesine ýetiren şahsyýetleriň kemala gelen mekanydyr. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurulmagy ýöne ýere däl.

«Arkadag» binasy hem «akylly» şäheriň esasy nyşany — bezegi hasaplanylýar. Ol merkezi seýilgähde ýerleşýär. Binýadyň üstünde Milli Liderimiziň ahalteke bedewine atlanan pursadyny şekillendirýän, beýikligi 11 metr bolan altyn öwüşginli heýkel özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Şäheriň ýene bir ajaýyp aýratynlygy, Ahal welaýatynda doglan, il-ýurduna ak ýürekden hyzmat eden şahsyýetleriň atlarynyň köçelere hem-de medeni-durmuş desgalaryna dakylmagydyr. Watanyň wepaly ogul-gyzlarynyň atlaryny ebedileşdirmek geljek nesillere nusgalyk ýol-ýörelge goýmakdyr.

Arkadag şäheri ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini, döredijilik ukyplaryny, pikirlenmek başarnyklaryny iş ýüzünde doly açyp görkezmekleri üçin özboluşly synag hem-de tejribe meýdançasy boldy. Ýaşlaryň bu üstünligi olar üçin döredilýän giň gerimli şertler bilen baglydyr. Arkadag şäheri halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen innowasion taslamadyr. Şonuň üçin Arkadag şäherine «ýaşlar şäheri» diýilmegi kanunalaýyk we tebigy ýagdaýdyr. Bu adalga ýaşlaryň diňe şäheri gurmaga gatnaşandyklary bilen bagly däldir, ol ýaşlaryň şähere siňdiren zähmeti, ukyby, zehini bilen çäklenmeýär. Arkadag şäherinde ýaşajak, zähmet çekjek, bilim aljak, hünär öwrenjek — ösüp-örňejek ilat, esasan, ýaşlardyr. Arkadag şäheri geljegiň şäheridir. Geljek bolsa, elbetde, ýaşlaryňkydyr.

Musa HANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu