
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň synagydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerde hasyly ýygnap almak işi depginli alnyp barylýar. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleriniň, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikleriň berilýändigini bellemek gerek. Bularyň ählisi “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda”, “Däneçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk-hukuk namalary bilen berkidilendir. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Bu çözgütler oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga, daýhanlaryň girdejilerini ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde pudagy dolandyrmagy we düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, oba ýerlerinde bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyz ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine-de aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk, seçgiçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylyp, olar ata-babalarymyzyň ekerançylyk tejribesi bilen bir hatarda, oba hojalygyny okgunly ösdürmekde ygtybarly binýady emele getirýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn gowulanyp, maddy üpjünçiligi barha ýokarlanýar.
Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, kepillendirilen bahalar, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmatyň, tohumyň, mineral dökünleriň, ösümlikleri goramak serişdeleriniň ýeňillikli şertlerde berilmegi ýaly oba hojalyk önüm öndürijilerini maliýe-ykdysady taýdan goldamak çäreleri oňyn miwesini berip, gallaçylaryň öz zähmetiniň ahyrky netijesine höweslenmegine ýardam edýär.
Ak bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilip, Watan harmanynyň beýgelmegi türkmen topragynyň sahawatyny, saçaklarymyzyň berekedini, halkymyzyň abadan durmuşyny äşgär edýär.
Akja BATYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.