
Balaryçylyk örän gadymy ugur bolmak bilen, ol biziň ýurdumyzda örän irki döwürlerden bäri ýöredilip gelinýär. Ata-babalarymyz bu käri nesilden-nesle geçiripdirler. Indi bolsa balaryçylyk kanuny taýdan goralýan pudaga öwrüldi. Degişli Kanunyň 8-nji maddasynda balaryçylyk babatda işi amala aşyrýan şahslaryň hukuklary we borçlary anyk kesgitlenipdir. Hut şonuň üçin-de, bu iş bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň sany barha artýar.
Balarylaryň ýaşaýşy, işleýşi örän täsin we özüne çekiji. Olaryň her biriniň öz etmeli işi bar: bir topary girelgede durup, işçi arylary kabul edýär, ýene bir topary arassaçylyk işlerini ýerine ýetirýär. Başga bir topar «jigilerini» naharlaýar. Aňtawçy arylar bolsa şireli ýerleri gözläp tapyp, işçi arylary yzyna düşürip, şol ýerlere eltýärler.
Balarylaryň maşgalasynda ene arynyň orny örän uludyr. Möwsümde haýsy maşgalanyň arysy az bolup, bal ýygnamakda agsaýan bolsa, muňa ene ary «günäkärdir». Şeýle ýagdaýda ol dessine ätiýaçdaky ene ary bilen çalşyrylýar. Gowy ene arynyň göwresi uzyn we uly bolýar. Ol işçi arydan üç esse agyr gelýär. Ene ary maşgalabaşy bolmak bilen, sözüň doly manysynda, maşgalanyň enesi hem eýesidir. Onuň gapdalynda bolýan gurluşykçy arylar mum öndürip, öýjükleri ýasaýarlar. Ketegiň jaýryk açan ýeri bar bolsa, onda olar özleriniň işläp çykarýan şepbigi bilen şol jaýryklary petikleýärler. Gurluşykçy arylaryň ýene bir täsin tarapy, eger-de ketegiň içinde bir ýerinde sakyrtgalaryň we bitleriň tohum taşlan ýeri bar bolsa, dessine olaryň üstüni şepbik bilen suwap, mugthorlaryň janlanmagynyň öňüni alýarlar. Eneke arylar topary ýumurtgadan çykan çaga arylary ulaldýarlar. Suwçular topary ketegiň içine suw daşap, çyglylygy üpjün edýärler. Olar bal ýygnamaga gitmeýärler. Diňe ketegiň içindäki şeýle işleri ýerine ýetirýärler. Eger-de olar ýaltaçylyk edip, işlemeseler, ýagny öz borçlaryny ýerine ýetirmeseler, onda ketegiň içine mugthor zyýankeşler aralaşyp, bal ýygnaýan arylaryň gyrylmagyna getirýär. Balarylary idedýän adam wagtynda bu ýagdaýyň öňüni almalydyr.
Türkmen balynyň iň bir arassa we juda ýokumly nygmatdygyny ýurdumyza gelýän jahankeşdeler-de, ýörite balçylyk bilen meşgullanýan hünärmenler hem aýdýarlar. Ýurdumyzyň tebigatynyň arassalygy, sähralarymyzda, ýaýlalarymyzda himiki derman serişdeleriniň ulanylmaýandygy, oba-şäherlerimiziň gülzarlyga beslenmegi diňe balçylyga däl, eýsem, biziň dem alýan howamyza-da oňaýly täsirini ýetirýär. Garagum sähramyz, Amyderýanyň iki kenaryndaky buýanly jeňňellikler, Köpetdagyň we Köýtendagyň gujagy arassa giňişlikler bolmak bilen, ol ýerlerde ösýän, gülleýän ösümliklerden ýygnalan bal tagamy, ysy, ýokumlylygy boýunça has tapawutlanýar. Sözeniň, ýandagyň, gowaçanyň, günebakaryň, buýanyň, miweli baglaryň gülünden alynýan bal görnüşleri dermanlyk häsiýete-de eýedir.
Kakabaý KAKABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.