
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda beýik şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanunlar kabul edildi. Golaýda bolsa bu hukuk namalarynyň üsti «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi. Bularyň ählisi beýik akyldaryň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine, parasatly öwüt-ündewlerine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz şu babatdaky işleri has-da ilerledip, geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisinde «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şu ýylyň 7-nji iýunynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol Kanuna gol çekdi. Ýurdumyzyň milli kanun çykaryjylyk tejribesinde ilkinji gezek belli bir şahsyýetiň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenmek, medeni mirasyny ebedileşdirmek hem-de geljek nesillere ýetirmek maksady bilen taýýarlanan bu Kanun 4 bapdan, 18 maddadan ybaratdyr.
Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda şahyryň döredijiligini pähim-paýhas ummanyna deňäp, onuň çuňňur manyly eserleriniň ynsan kalbynda hemişelik orun alandygyny, paýhasly pikirleriniň bolsa ählumumy ähmiýetini belleýär. Şoňa görä-de, täze resminamada Magtymguly Pyragynyň ady, keşbi, şekili, monumental heýkelleri, ömri we döredijiligi baradaky maglumatlar, nesil şejeresine degişli resminamalar, şygyrlarynyň asyl golýazmalaryndan nusgasy alnan eserleriniň ýygyndysy, neşir edilen goşgularydyr beýleki edebi eserleri, ömür-döredijiligi barada fiziki we ýuridik şahslaryň arhiwlerinde hem-de gaznalarynda saklanylýan resminamalar kanun esasynda şahyryň medeni mirasynyň düzümi diýlip kesgitlenildi. Ýeri gelende, Kanunyň baş maksadynyň Magtymguly Pyragy hakynda taryhy hakydanyň dowamatlylygyny we onuň medeni mirasynyň aýawly saklanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny aýratyn nygtamak gerek. Düzgüne görä, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň merkezi neşirlerinde çap edilip, ilat köpçüligine ýetirildi. Onuň mazmuny bilen içgin tanşanyňda, şahyryň medeni mirasy babatda döwlet düzgünleşdirmesi hem-de döwlet goragy bilen bagly ýerine ýetirilmeli işlere jikme-jik göz ýetirmek bolýar. Şunda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi baradaky maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, jemgyýetçiligiň öňündäki çykyşlarda dogry beýan edilmegini gazanmagyň aýratyn bellenilmegi-de uly ähmiýete eýedir.
Aziza SERDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.