Slider

Dogry iýmitlenmek – sagdyn ýaşaýşyň kepili

22-06-2024 / 18

Hakykatdanam, sagdyn we dogry iýmitlenmek – ynsan üçin örän möhümdir. Adam iýmitlenýän halatynda uly adamlar bilen birlikde çagalaryň dogry iýmitlenmekliginde görelde bolýandygyny her bir ene-ata unutmaly däldir. Şunuň bilen baglylykda, çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň sagdyn iýmitlenmegine aýratyn üns berilmelidir. Munuň birnäçe kadalary bardyr.

Iýmitlenmede süýt we süýt önümlerine aýratyn üns bermeli, sebäbi çaga dünýä inen güninden başlap onuň ilkinji iýmiti ene süýdidir, şonuň üçin hem süýt ýa-da  ondan taýýarlanan tagamlar bolmanda günde bir gezek, esasan hem ertirlikde kabul edilmekligi hökmanydyr.

Häzirki döwürde şekere baý bolan dürli datly süýjülikler aglaba ýaşlara has gyzykly. Köp halatlarda çagalar esasy  naharyň deregine konditer önümlerini, şirin kökelerini, epmeleri iýýärler. Bedene uglewodlaryň aşa köp düşmekligi bedende ýaga öwrülip ýygnanmagyna getirýär. Bu bolsa semizligiň ilkinji basgançagydyr. Bedene düşýän uglewodlar ýaga öwrülmäge ukyply, ösüp barýan çaga bedenine bolsa gurluşyk materialy bolan belok gerek. Beloga öwrülmek ukyby uglewodlarda ýok, belok ýetmezçiligi ýüze çykyp başlaýar. Bu bolsa adamynyň has köp iýmekligine getirýär. Köp iýmeklik hem ýene-de semremeklige getirýär.

Semremäniň öňüni almaklykda kadaly gün tertibi düzülmekligi hökmanydyr. Ýene-de uglewodyň esasy çeşmelerine alkogolsyz gazlandyrylan ýa-da gazlandyrylmadyk içgileri degişlidir. Alkogolsyz içgileri 3 ýaşa çenli çagalara bermeklik maslahat berilmeýär. Bu suwuklyk köplenç halatda suw teşnelik ýüze çykan halatynda içilýär, suwa teşneligi ýarym bulgur arassa suw bilen gandyryp bolýan bolsa alkogolsyz gazlandyrylan ýa-da gazlandyrylmadyk içgileri süýjiligi köpligi sebäpli onyň aşa köp içilmegine getirýär.

Ýene-de kadaly iýmitlenmede ähmiýetli ugurlaryň biri hem haýal iýmeklikdir. Sebäbi, biziň kabul edýän iýmit önümimiz haýal özleşip başlaýar we ganyň ýokumly maddalar bilen doýgunlaşmaklygy hem haýal bolup geçýär. Çalt iýlende bolsa çaga bedenine gerek bolan mukdardan artyk iýmit önümi kabul edilýär we ol bedende ýag görnüşinde ýygnanyp başlaýar. Diýmek, çalt iýmeklik çalt doýmaklyga getirmeýär. Şonuň üçin hem  tagam iýlende haýal iýmeli we mazaly çeýnemeli, kabul edilýän iýmit näçe ownuk böleklere bölünse çalt bedende özleşmekligine ukyply bolýar.

Mähriban çagalar! Sagdyn iýmitlenmek düzgünlerini berjaý ediň! Sagdyn boluň! Sagdynlyk bagtyň açary!

Aýnabat PIRJANOWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň baş aşpezi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu