
Tomus paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem tomusky dynç alyş möwsümi öz işine başlaýar. Bu döwür çagalaryň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy babatda örän ýokary ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de bu möwsümde alnyp barylýan taplama çäreleri, gyzyklanma we göwnaçma, gezelenç pursatlary usuly taýdan talabalaýyk guralmalydyr.
Ýurdumyzyň howa şertlerine görä, gyzyklanma, göwnaçma çäreleri daşarda ýörite niýetlenen meýdançada guralsa, has gyzykly, şowhunly geçýär. Çagalaryň özbaşdak gyzyklanma, göwnaçma çärelerini meýilnamalaşdyrmak işlerine ykjam taýýarlyk görülýär. Çagalaryň gyzyklanma, göwnaçma çäreleri ertekileri, hekaýalary sahnalaşdyryp, aýdym aýdyp, goşgy okap, dürli hereketli oýunlar oýnadyp şowhunly, gyzykly guralmalydyr.
Çagalaryň söýgüsini gazanmak her bir terbiýeçiniň baş aladasy bolmalydyr. Öz terbiýeçisini söýmek, oňa ynanmak arkaly çaga bilimler dünýäsine aralaşýar. Şonuň üçin terbiýeçileriň guraýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hemmesi çagalara bolan mähir-söýgä, ynsanperwerlige gönükdirilen bolmalydyr.
Tomus sagaldyş möwsüminde geçirilýän taplama çäreleri kadaly we talabalaýyk bolmalydyr. Oňa jogapkärli çemeleşmeli. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä Gün taplamasy, Suw taplamasy degişli günlerde öýde hem ata-eneler we çagalaryň hossarlary tarapyndan guralsa maksadalaýykdyr. Şunda suw taplamasynda suwuň ýylylyk derejesiniň üýtgedilişine temperaturanyň kadalylygyna aýratyn ähmiýet bermeli.
Tomus paslynyň howa şertlerine laýyklykda çagalar bilen geçirilýän taplama çäreleriniň ruhubelent we sagaldyş häsiýetli bolmagy körpe nesilleriň irki ösüşinde hem oňyn ähmiýete eýedir. Bagtyýar nesilleriň sagdyn ösmegi we kemala gelmegi ugrunda Garaşsyz ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler we bagtyýar durmuş üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar bolsa tutuş halkymyzyň, şol sanda bagtyýar çagalaryň kalbyndan hem uly joşgun bilen zybana gelýär.
Mährijemal BEGELEKOWA,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 38-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.