
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýat jemgyýetimizde il-günümiziň rahat, abadan durmuşda ýaşamagy, raýatlaryň kanuny hukuklarynyň ygtybarly goralmagy üpjün edilýär. Her bir güni ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik maksatly tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek, halkymyzyň kanuny taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak işlerine uly üns berilýär. Şeýle ýörelgäniň 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaç alýandygy guwandyrýar. Sebäbi, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kanunlaryň hökmürowanlygynyň gazanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir.
Demokratik, hukuk döwletimizde ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy döwrüň talabyna laýyk derejede gün-günden kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, syýasy galkynyşynyň özenini düzýän kanunçylyk namalarynda raýatlaryň hukuklarynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny, olaryň döwlet tarapyndan döredilýän durmuş ýeňilliklerinden peýdalanmaklaryny, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary bilen baglanyşykly hukuk syýasaty öz beýanyny tapýar.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň has döwrebap derejede goralmagyny üpjün etmekde ýurdumyzda geçirilýän hukuk özgertmeleriniň ähmiýeti uludyr. Halkymyzyň goraglylygyny kepillendirýän täze kanunlaryň kabul edilmegi, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryna halk bähbitli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň aýdyň dabaralanmasydyr.
Adyllygyň aýdyň ýolunyň rowaçlanýan täze eýýamymyzda biziň öňümizde wajyp wezipeler durýar. Şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, kärdeşlerimiziň hünär taýýarlyklaryna, tutanýerli zähmetine baglydyr. Şonuň üçinem biz zähmetimiziň hilini ýokarlandyryp, işimizi şu günüň ýokary talabyna laýyklykda kämilleşdirmekde uly tagallalary edýäris. Şu ýadawsyz aladalarymyz öňümizde durýan jogapkärli wezipelerimizi üstünlikli berjaý etmegimize mümkinçilik berýär. Öňümizde täze wezipeler durup, olaryň ýerine ýetirilmegi her birimiziň tutanýerli zähmetimize baglydyr.
Söýün ANNAMEREDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň Dänew etrap şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy.