Slider

Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

20-06-2024 / 37

Saglyk — islendik adamyň iň uly gymmatlygy. Danalar: «Saglygyny gorap bilýän ynsan dünýäde iň merhemetli hem-de baý adamdyr» diýip belleýärler. Dillerimiziň senasyna öwrülen «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri pederlerimiziň saglyga näderejede ähmiýet berendigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Strategiki häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesine çykaryldy. Ýurdumyzda halka hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň gerimi giňedi we hili ep-esli ýokarlandy. Täze bejeriş usullaryny ornaşdyrmak, ýokary hünär derejeli lukmanlary taýýarlamak wezipelerine hem aýratyn üns berilýär. Türkmen hünärmenleri hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin yzygiderli Ýewropanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň lukmançylyk merkezlerine iberilýär.

Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sporty ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi, geçen ýylda bolsa Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriniň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Narhal BAKTAÝEWA,
Dänew etrap Arassaçylyk we keselleriñ ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyñ epidemiolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu