Slider

Oba hojalygy: ykbal çözüji özgertmeler

20-06-2024 / 10

Her bir döwletiň oba özgertmeleriniň milli aýratynlyklary bolýar. Ýurdumyzda geçirilýän oba özgertmeleri hem ýerli toprak we howa şertlerine laýyk gelýär, milli ekerançylyk däplerimize daýanýar. Milli Liderimiziň bu özgertmeleriň barşynda geçiren iň wajyp çäreleriniň biri-de gadymy daýhançylyk däplerini dikeltmek, ýerden we suwdan peýdalanmagyň iň täze iş usullaryny ornaşdyrmak, şeýle hem daýhanlaryň ýeňil bolmadyk abyrsyz işinde olara maddy hem-de ruhy taýdan goldaw bermek boldy. Häzir daýhanyň ýere-de, ekine-de ideg edişi düýbünden başgaça. Olar her bir hatarda, her bir otagda, her bir suwarymda, her bir ýygymda öz maşgalasynyň, öz halkynyň rysgal-berekedini görýär. Türkmenistan boýunça däne, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmekde gazanylýan zähmet ýeňişleri, obalarda hususy haryt we önüm öndürijileriň döremegi, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmete yhlasynyň güýçlenmegi oýlanyşykly we uzakdangörüjilikli ykdysady syýasatyň, oba özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.

Adamzadyň tutuş taryhynyň dowamynda ýigrimiden gowrak iri oba hojalyk özgertmeleriniň bolup geçendigi aýdylýar. Olaryň her biri belli bir döwletiň içerki şertlerine laýyklykda ýüze çykan hem bolsa, özünde dürli öwüşginli aýratynlyklary jemleýändigi sebäpli, adamzadyň ösüşine goşant goşdy. Sebäbi ol özgertmeleriň tejribesi, derňewi islendik beýleki täzeligiň häsiýetini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Üýtgedilýän we özgerdilýän zatlaryň täsiri uly. Pikirimizi tassyklaýan jümle: «Oba hojalygyndaky özgertmeler ykbal çözüji özgertmelerdir». Muny Gahryman Arkadagymyz aýdypdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk strategiýasy bu jümle barada ýene-de bir gezek çuňňur oýlanmaga iterýär.

Oba hojalygyndaky we agrosenagatdaky özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmakda 2024-nji ýyl aýgytlaýjy ýyllaryň biri bolar. Özgertmeler agrotehnikany gowulandyrmak hem-de ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni milli daýhançylyk däpleri bilen utgaşdyrmak arkaly amala aşyrylar. Oba adamlarynyň öz zähmetiniň netijesine gyzyklanma bildirmegi pudagy üstünlikli ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Häzir ekerançylar özleriniň ýeňil bolmadyk işine wagtynda mynasyp baha beriljekdigine ynanýarlar. Adamyň, onda-da ýer bilen günüň-gününe iş salyşýan adamyň gurluşy şeýle. Bu isleg kanagatlandyrylýar. Milli Liderimiz welaýatlara iş saparynyň barşynda daýhan hojalyklaryna aýlanyp görüp, oba adamlarynyň ýaşaýyş we durmuş şertleri, ýagdaýy bilen içgin tanyşýar, pikirlerini, haýyşlaryny diňleýär. Olary peýdaly maslahatlar bilen goldaýar.

Bu asylly däp hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň barşyny öz gözegçiliginde saklaýar. Welaýatlarda iş saparynda bolanda, galla oragynyň guralyşy bilen jikme-jik tanyşýar, daýhanlary mähirli sözler bilen ruhlandyrýar. Mahlasy, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba ýerlerine barmagy zähmetkeşleriň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly waka öwrülýär. Daýhanlar hormatly Prezidentimiziň obany özgertmek baradaky oýlanyşykly döwlet syýasatyny ynam we yhlas bilen durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.

Hurmagül ÝULDAŞEWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu