
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisi hem, adatça bolşy ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen täze maksatlar, wezipeler we başlangyçlar bilen tapawutlandy. Bu gezek esasy özgertmeler oba hojalygy bilen bagly boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň mejlisiň barşynda aýdyşy ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Ony ösdürmek ykdysady binýady pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwür täze wezipeleri, önümçilik bolsa öňdebaryjy tejribeleri we iş usullaryny talap edýär.
Ekologik howpsuzlyk, bäsdeşlige ukyplylyk, eksport mümkinçilikleri — ine, häzirki wagtda ileri tutulýan islendik möhüm ykdysady ugurlaryň okgunly ösüşini üpjün edýän şertler. Ösüş senagat we önümçilik kuwwatlyklary arkaly gazanylýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak barada gelnen karar oýlanyşykly çözgütdir. Bu özgertme Milli Liderimiziň başyny başlan we täze taryhy döwrümizde üstünlikli durmuşa geçirilýän Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde önüm öndürijilere mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ugur edinýär.
Öňki oba hojalyk düzümi öz döwrüniň talabyny ödän hem bolsa, häzirki wagtda bu pudagy, şol sanda tutuş ykdysadyýeti strategik taýdan ösdürmek babatda täze wezipeler öňe çykýar. Şonuň üçin ýurduň ykdysady ösüşiniň meselelerine has giňişleýin çemeleşilýär. Pudaklaryň işine täzeden garalýar, düzedişler girizilýär, eger gerek bolsa, olar düýpli özgerdilýär, has-da kämilleşdirilýär. Munuň özi adaty, tebigy we kanunalaýyk ýagdaýdyr. Özgertmeler döwrüň täze şertlerine uýgunlaşmak hem-de dünýäniň joşgunly, möwçli akymynda öňegidişligi saklap galmak üçin amala aşyrylýar. Türkmenistan uzak hem aýdyň ýola düşdi. Öňde durýan maksatlar kesgitlenildi. Biz diňe şunda döräp biljek päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin öňünden ykjam taýýarlyk görmeli. Bilimizi berk guşamaly. Döwlet Baştutanymyzyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak bilen bagly gol çeken Permanyna geljekde durnukly we asuda «ýüzüşi» dowam etmek üçin bellenilen zerur çäreleriň biri hökmünde garamak bolar.
Türkmenistanyň senagat taýdan ösýän ýurt bolmak bilen bir hatarda, agrar ýurtdugyny hem unutmaly däldiris. Ýer türkmen üçin hemişe ýaran, ekleýji, howandar we dost bolup geldi. Ýer türkmen üçin mukaddeslikdir, ezizdir. Ene topraga wepadarlyk duýgusy arkama-arka nesil yzarlap, şu günlere gelip ýetdi. Toprak — halkyň durmuşynyň baky hemrasy, zähmetiniň manysy, ykbalyny çözüji. Ir döwürlerden bäri zähmetsöýer we merdana pederlerimiz Burkut baba, Haýdar baba, Babadaýhan ýaly pirleri özüne ruhy medetkär edinip, bereketli toprakdan iýjek ýylgallasyny ösdürip ýetişdiripdirler, ene topragy söýgüläp, nakyllaryňdyr paýhasly sözleriň uly toplumyny miras goýupdyrlar: «Sen ýeri har etmeseň, ýer seni hor etmez», «Daýhandan hereket, ýerden bereket», «Ýeri eý gör, eklär», «Ýer aldamazam, aldatmazam», «Azapsyz ýeriň ady ýok», «Çyn baýlyk — ýer», «Dünýä gelseň, ýere in, durup giden yzyň galsyn»… Bu nakyllarda nähili uly parasat hem many bar!
Wepamyrat BABEKOW,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.