
Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşleri ýylsaýyn ýokarlanýar. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy artýar, önümçilik ösýär. Bu bolsa garaşylýan netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Soňky ýyllarda obasenagat toplumynyň tehniki binýady hem has pugtalandy. Munuň üçin ýene-de köp mukdarda maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şol binýadyň üsti döwrebap traktorlar, kombaýnlar, dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary we iň täze görnüşli enjamlary bilen ýetirilýär. Kuwwatly täze tehnikalar tapgyrma-tapgyr gelip gowuşýar. Olary ählisi-de dolandyrmagyň telematiki sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Oba hojalygyndaky özgertmeleriň esasy maksady azyk bazarynda bolçulygy üpjün etmekden ybaratdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmakda möhümdir. Döwletiň önümleri satyn almagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, olara ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň, tohumlaryň, mineral dökünleriň, ösümlikleri goramaga degişli serişdeleriň berilmegi — oba hojalyk öndürijilerini maliýe-ykdysady taýdan höweslendirýär, daýhanlary yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Daýhan diňe erkin hereket etmäge mümkinçilik alanda, erkin ýer eýesi bolanda, özüni ýeriň hakyky eýesi hökmünde duýýar. Muny ýer we tehnika alyp, önjeýli işleýän häzirki daýhanlarymyzyň gazanýan ýokary netijeleri hem tassyklaýar. Ýere yhlasly ýapyşýan daýhanlaryň sany günsaýyn artýar. Olar ata-babalarymyzyň ajaýyp ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýär. Daýhan zähmetiniň we ekerançylygyň medeniýetiniň däpleri ählihalk däplerine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň halky bolelin durmuşda ýaşatmak, ekerançylaryň we maldarlaryň tutumlaryny ilerletmek, oba hojalygyny ýokary galdyrmak, ene topragyň rysgal-berekedini artdyrmak üçin öňe sürýän täze başlangyçlarynyň ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşindäki oba özgertmelerinde gazanylýan tejribä gymmatly goşant bolýandygy gürrüňsizdir.
Akjagül ATAÝEWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.