Slider

Dünýä nusgalyk nepislik — täsin sungat

18-06-2024 / 6

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň halyçylyk sungatynyň däpleri uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýar. Arheologlar ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde tapylan daş ikler, egriji gurallar, ýüplük we keser türkmenleriň örän gadymy wagtlardan bäri haly sungaty bilen meşgullanyp gelendigine şaýatlyk edýär.

Haly — türkmeniň taryhy, haly-ahwaly, durmuşy, geçmişi, şu güni, geljegi, däp-dessury, kalp gözelligi. Ol zenanlaryň köňlüniň hem aňynyň iň bir ajaýyp önümi. «Haly» — hala gelmek, janlanmak, döremek, ýaýramak ýaly sözleriň gözbaşynda duran adalga. «Türkmen diliniň düşündiriş sözlüginde» beýan edilişine görä, haly — dürli reňklerdäki ýüplerden çitilip dokalýan gymmat bahaly öý goşy, düşek, amaly-haşam sungatynyň bir görnüşi.

Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly eserinde: «Men häzirki döwürde mähriban Watanymyzyň gülläp ösýän döwründäki keşbinde halkymyzyň haly sungatyndaky ýaly çuňlugy we täsinligi, haýran galdyryjylygy görýärin.

Haly diýmegiň özi, meniň pikirimçe, türkmeniň tutuş ömrüdir.

Ata-babalarymyzyň heňňamlar aşyp gelen bu ýollaryny asla halysyz okap hem bolmaz» diýip belleýär.

At-owazasy äleme dolan türkmen halysy özüniň ajaýyp nagyşlary, dokalyşy, nepisligi bilen göreni haýrana goýýar. Onuň bezeg nagyşlarynyň gelip çykyşy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Asyrlaryň dowamynda durnukly häsiýete eýe bolan bu nagyşlar häsiýetli milli aýratynlyklara eýedir. Arheolog W.I.Sarianidi häzirki türkmen halylaryň nagyşlarynyň üç müň ýyl ozalky gap-gaçlarda gabat gelýändigini tassyklap şeýle ýazýar: «Garagumuň jöwzaly şertlerinde matalar oňat saklanyp galmandyr, ýöne biz şol döwrüň gap-gaçlarynda edil halylardaky ýaly nagyşlara gabat geldik, olar biri-birleriniň gaýtalanmasy bolup durýar».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz milli halyçylyk sungatymyzyň kämil we döwrebap görnüşde ösdürilmegi ugrunda ähli şertleri döredip berýär. Bu sungaty geljekki nesillere ýetirmekde, olarda haly sungatyna söýgi döretmekde uly işler alnyp barylýar. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu