Slider

Medeniýet — ynsan köňlüniň nury

20-06-2024 / 10

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi halkymyzyň ruhy mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. 22 — 27-nji iýun aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň guralmagy halkymyzyň watançylyk ruhuny ýokary götermekde, taryhy ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda belent başlangyçdyr.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, merdana pederlerimiz, her bir gowgaly söweşde ar-namysa ýugrulan aýdymdyr sazlardan ruhlanyp, duşman üstüne şir dek topulypdyrlar, her bir bagşylaryň watançylyk hakynda aýdýan aýdymlarynyň sözlerinden many alypdyrlar. Diýmek, milli medeniýetiň, aýdym-saz sungatynyň watançylyk ähmiýeti örän güýçlüdir.

Aýdylyşy ýaly, döredijilige sarpa – söze sarpa. Çünki ähli zadyň, ähli belentlikleriň, çuňluklaryň sakasynda söz bar. Söz bolsa türkmen üçin, onuň merdana ogullary üçin mukaddesdir. Diýmek, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem medeniýeti, sungaty, sözi ýene bir ýola has belentden sarpalamaga döredilen mümkinçilikdir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Arkadag şäherinde giňden dabaralandyrylýan Medeniýet hepdeligi halkymyzyň tomaşaly toýlarynyň belent dabarasyny ýene bir gezek äleme doldurýar. Ol halkymyzyň belent ruhy ýörelgesini äşgär edip, medeniýet ulgamynyň mundan beýläk-de ösmeginde, döredijilik işgärleriniň zehinleriniň has-da taplanmagynda we ýurdumyzyň medeni gymmatlyklaryny giňden wagyz etmekde iňňän wajypdyr.

Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu