
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygy buşlap gelýän her bir ýyl türkmen halkymyzy täze ösüşlere, şanly wakalara şaýat edýär. Il-halkymyzyň teklipleri nazarda tutulyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylymyzyň eýýäm ilkinji günlerinde täze üstünlikleriň, ösüşleriň, bagtyýarlygyň, esasan-da, söz mülküniň aryby Magtymguly Pyragynyň şirin şygyrlarynyň belent ruhy duýulýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Her ýyly täzeçe atlandyrmak birnäçe ýyllardan bäri döwletimizde adata öwrüldi. Çünki ýylyň ady bizi belentliklere, täze sepgitlere ýetmeklige ruhlandyrýar. Ýylyň adynda üýtgeşik bir güýç bolýar» diýip belleýär. Hut şonuň üçin hem, bu ýylda-da Magtymguly Pyragynyň pähim-parasatyndan ruhlanan halkymyzyň akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatyny baýlaşdyran döredijiliginiň beýikligi ýaly belent sepgitlere ýetjekdigi şübhesizdir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, halkara baýramçylyk hökmünde belleniljekdigi türkmen halkymyzyň göwnüni götermek bilen çäklenmän, ýyllaryň ýüzünde ýylgyryş döredip, günleriň ruhuny galkyndyrýar.
Çeper söze uly hormat goýýan halkymyz Magtymguly Pyragyny türkmen edebi diliniň düýbüni tutan şahsyýet hasaplaýar. «Altyn-kümşüň könesi bolmaz» diýlişi ýaly, her bir sözi zere deňelýän akyldar şahyrymyzyň şygyrlary häzirki wagtda hem özüniň gymmatyny ýitirmän, adamlara pähim-paýhas paýlap gelýär. Munuň özi halky eserleriň bakylykdan paýlydygyny, kerwen gurap barýan asyrlara ýardygyny görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu barada «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymgulynyň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir» diýip, juda jaýdar belläp geçýär. Dogrudan-da, dana şahyryň döredijilik dünýäsine seýran eden her bir adam durmuşyň gurluşyna, ýagşy-ýamanyna magat göz ýetirýär. Çünki Magtymguly Pyragynyň şygyrlary kämillik terezisidir, halkyň saýlan hak ýoludyr.
Türkmen edebiýatyny bütin dünýä tanadan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýän watansöýüjilik, ýagşylyk, ynsanperwerlik, halallyk, adamkärçilik ýaly birnäçe oý-pikirler halkymyzyň däp-dessurlaryna, milli ýörelgelerine, umuman, türkmençilik kadalaryna siňendir. Esasy Kanunymyz bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň özeni hem şol ýörelgeler esasynda düzülendir. Bular bolsa Magtymguly Pyragynyň sözüň doly manysynda bütin adamzadyň şahyrydygyndan, türkmen halkymyzyň beýik şahsyýetlerine goýýan sylag-sarpasyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dana şahyrymyzyň dürdäne şygyrlarynda ündelýän ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk ýaly düşünjelere esaslanýandygyndan diňe bir bu ýylymyzyň adynyň däl, eýsem-de, döwletli döwrümiziň hem Magtymguly Pyragy bilen berk baglanyşyklydygyny görmek bolýar.
Ýaraş HAÝYTOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.