Slider

Ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwri

20-06-2024 / 24

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly baý mazmunly kitabyny okanyňda, ýaşlaryň durmuşymyzda uly orun tutýandygyna, olara uly ynam bildirilýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Bilim ulgamynda belent derejelere eýe bolan Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman ylmyny çuňňur öwrenmeklerine, şeýle-de daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmeklerine giňden ýardam edýär. Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda, obadyr şäherlerimizde täze-täze ýaşaýyş jaý toplumlary, halkara ülňülerine laýyklykda mekdeplerdir çagalar baglary, dynç alyş merkezleri, şypahanalar, myhmanhanalar, sport we sagaldyş toplumlary yzygiderli gurulýar. Bu bolsa  ýurdumyzyň bagtyýar halkynyň, şol sanda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent, ýokary ahlakly, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin irginsiz edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Halkymyzyň röwşen geljegi hut şu günden gözbaş alýar. Şonuň üçin-de ýaş nesliň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Şunda olaryň dynç alyş günleriniň many-mazmunly geçmegine ýardam edýän ýöriteleşdirilen merkezleriň, seýilgähleriň, dynç alyş zolaklarynyň sanyny artdyrmaga, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ýaşlarynyň jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmek, dürli ugurlarda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Döwrüň özgermegi, maglumat alyş-çalşygynyň geriminiň giňemegi we barha kämilleşmegi, durmuşymyza innowasiýalaryň ornaşmagy häzirki nesillerden has işjeňligi talap edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip belleýär. Bu çuň manyly jümläniň bagtyýar ýaşlarymyzyň aňynda, ýüreginde berk orun alandygyna we olaryň watansöýüjilik hyjuwynyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Nigara GÜNDOGDYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň baş buhgalteri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu