Slider

Ýagşy işler — ýolumyzyň çyragy

20-06-2024 / 21

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ynsanperwer ýörelgeleriň döwlet syýasaty derejesinde giň gerim alýandygyndan nyşandyr.

Garaşsyz Watanymyzda howandarlyga mätäç çagalary döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşap almak, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen meşgullanýan haýyr-sahawat gaznasyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. 2021-nji ýylyň 29-njy martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Milli Liderimiz ejize howandarlyk etmek, mätäji goldamak ýörelgeleriniň türkmen döwletliliginiň bir sütünine öwrülendigine ünsi çekip, haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagalara goldaw bermek üçin ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň gerekdigi barada pikire gelendigini aýdyp, degişli düzümi döretmek hakynda taryhy Karara gol çekipdi. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisiniň Milli Liderimiziň ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyndan ugur alyp, hut şol gün Türkmenistanyň Mejlisi Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda karary kabul etdi. Edil şol gün Türkmenistanyň Merkezi bankynda gaznanyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy. Bu asylly başlangyç hormatly Arkadagymyzyň ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy baradaky hemişelik atalyk aladasynyň nobatdaky ýüze çykmasy hökmünde watandaşlarymyzyň giň goldawyna mynasyp boldy.

Dürli sebäplere görä ene-atadan mahrum bolan çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň mynasyp bilim almagyna, durmuşda öz ornuny tapmagyna ýa-da hossarlary bar bolsa-da, saglygyny bejertmekde goldawa mätäç çagalaryň aýaga galmagyna gönükdirilen haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrmak Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň esasy maksadydyr.

Ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, belent ynsanperwerlik häsiýetleriniň kemala gelmegi ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetde ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmek meselesine aýratyn ähmiýet berip, öz ajaýyp eserlerinde-de bu babatda gymmatly pikir-garaýyşlaryny paýlaşýar. «Ýagşylyk, haýyr-yhsan, sahawat, delalat — bular ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýan düşünjelerdir. Halky bezeýän, milleti beýgeldýän häsiýetlerdir. Haýyr-sahawat, ýagşylyk etmek bolsa türkmen halky üçin ýaşaýşyň ýörelgesine, mertebäniň mizan terezisine öwrülendir» diýip, Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda belleýär.

Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, kömege mätäje ýardam bermegiň, howandarlygyň belent nusgasyny görkezýärler. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döredip, onuň işini has-da ilerletmek babatda durmuşa geçirilýän işler köpçüligi adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyrýandygy, jemgyýetde nurana duýgulary has-da ösdürýändigi bilen hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Annadurdy TAGANOW,
TMÝG-niň Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu