Slider

Ruhubelent ýaşlar — Watanymyzyň egsilmez kuwwaty

20-06-2024 / 30

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň beýik geljegini ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda, ruhy we beden taýdan sagdynlygynda görýär. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň ykbal özgerdiji ynsanperwer döwlet syýasatynda ýaş nesil baradaky köptaraply aladalar hemişe naýbaşy orunda durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan asyrlyk işlerde ýaşlaryň gujur-gaýratyna, netijeli zähmetine, giň dünýägaraýşyna uly ynam bildirilýändiginiň tassyknamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän aladalaryna, bildirýän uly ynamyna abraý bilen hötde gelmek bolsa ruhubelent ýaşlarymyzyň öz öňlerinde goýýan baş maksatlarynyň biridir. Şol asylly maksadyň, perzentlik borjuň hasyl bolmagy üçin olar okatmagyň iň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bilim ojaklarynda okap, bilim alýarlar, ylym hem-de hünär öwrenýärler. Döwrebap bedenterbiýe we sport toplumlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek bolsa ýaşlarymyzyň mizemez durmuş ýörelgeleriniň birine öwrüldi.

Täze taryhy eýýamda hem ruhubelent ýaşlaryň döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, dürli pudaklarda hem-de ulgamlarda netijeli zähmet çekip, uzakmöhletleýin maksatnamalaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine mynasyp goşant goşýandyklary buýsançly hakykatdyr. Bu bolsa öz nobatynda, hormatly Prezidentimiziň ruhy we beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, hünärli, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine, zähmetsöýerlik däplerine uly sarpa goýýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek babatdaky dünýä nusgalyk aladalarynyň öz miwesini bolluk bilen eçilýändigini aýdyň görkezýär.

Ýaş nesiller barada edilýän aladalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap, şäher geňeşleri tarapyndan hem ähli tagallalar edilýär. Munuň oňyn netijeleri watansöýüji, dürli hünärlerden ussatlarça baş çykarýan zähmetsöýer, maksada okgunly, Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize, halkymyza, ata Watanymyza wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde gazanylýan üstünliklerde mynasyp beýanyny tapýar.

Ajaýyp zamanamyzyň päk göwünli, arassa ahlakly, maksatlary aýdyň bagtyýar nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekde zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan hoşallygymyz egsilmezdir.

Ýaraş HAÝYTOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu