
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ylym-bilimiň bahasy ýokdur, ylym-bilimden toplanan baýlyk adamzadyň hakyky baýlygydyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy bu ugurdaky amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň beýanydyr. Munuň özi Türkmenistany syýasy, ykdysady we medeni taýdan berk binýatly, ylym we bilim babatda kuwwatly döwlete öwürmek maksadyndan ugur alýan milli bilim syýasatynyň täze üstünliklere beslenýändigini görkezýär.
Bu Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek möhüm ugurlardyr. Bu babatda ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň has-da döredijilikli işlemeklerini talap edýär.
Häzirki wagtda döwrebap bilim ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, bu işde özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyklary ösdürilýär. Bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.
Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip nygtaýar.
Ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň ylymly-bilimli, kämil terbiýeli bolup ýetişmekleri barada bimöçber atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülsoltan TARAŞOWA,
Ak bugdaý etrabynyň 19-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.