Slider

Magtymgulynyň eserleri — ýaşlara terbiýe mekdebi

20-06-2024 / 18

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň belent waspynyň bardygy bolsa onuň gymmatly mirasynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir.

Magtymgulynyň şygyrlarynyň diňe bir manysy däl, eýsem, çeperçilik serişdeleri, dil baýlyklary hakynda hem bellemek gerek. Goşgularyň çeperçilik taýdan ýokary derejede beýan edilýändigini edebiýatçy alymlaryň işlerinde görmek bolýar. Esasan hem bu goşgularyň halka täsirli bolmagynda türkmen diliniň söz baýlyklarynyň uly orny bar. Şahyr ene dilimiziň söz baýlyklaryny ýerlikli peýdalanyp, döredijiligi bilen baýlaşdyrypdyr. Şeýlelikde, pikirler, setirler sazlaşyp many-mazmun emele gelýär. Şeýle ussatlyk bilen Watanyň waspyny ýetirmegiň özi aýratyn ähmiýete eýedigi bilen tapawutlanýar.

Goşguda suratlandyrmak, Watanyň gözel keşbini beýan etmek örän ýokary derejä göterilýär. Watan hakyndaky pikiri, duýgyny çeper hem özüneçekiji görnüşde aňlatmakda sözüň hyzmaty ilkinji orunda durýar. Dil serişdeleri, sözleriň manysy suratlandyrylýan keşbiň çeper röwüşde açylmagyna şert döredýär, pikir täsirli aňladylýar.

Watana bolan söýgi goşgy setirlerinde belentden ýaňlanýar, ynsan kalbyny nurlandyrýar. Şonuň üçin hem şahyryň parasatly pikirleri türkmen halkynyň aňyna mäkäm ornaşdy. Şahyryň dürli mowzukdaky goşgularynyň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, mert, edermen ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmäge degişli şygyrlary uly orun tutýar. Şahyryň watançylyk, gahrymançylyk bara-daky goşgularyna üns bersek, «Ýeli Gürgeniň», «Türkmeniň», «Gidiji bolma», «Depe nedir, düz nedir», «Gözlär men» ýaly goşgularynyň çuňňur mazmunyny görýäris. Bu goşgularyň içinden Watany söýmek, il-güne wepaly bolmak, ba-tyrlyk, edermenlik baradaky pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr üçin dog-lan ýurdundan eziz, mähriban ýurt ýok.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde wagyz-nesihat, öwüt-ündew häsiýetli goşgulary görmek bolýar. Şeýle goşgular ýaş nesilleri watançylyk mekdebinde terbiýelemekde hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýaş nesillere Watana söýgi döretmek, mertlik, gaýduwsyzlyk, il-güne wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeler şahyryň goşgularynyň özenini düzýär. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary halk içinde giňden aýdylýar we nesil terbiýesinde gymmatly hazyna bolup durýar.

Gülbahar BEŞIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu