Slider

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

20-06-2024 / 19

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär, oba hojalyk pudagy toplumlaýyn sanlylaşdyrylýar. Şeýle-de döwletimiz ekerançylaryň bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan obasenagat toplumynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen tagallalar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapýar. Onda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen anyk wezipeler kesgitlenip, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Zähmetiň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagy we awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Obasenagat toplumynyň inžener-tehniki üpjünçiliginiň meseleleri innowasion esasda çözülýär. Ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar satyn alynýar. Oba hojalygyny dünýäniň ýokary öndürijilikli tehnikalarydyr enjamlary, bugdaý, pagta ýygýan kombaýnlary bilen üpjün etmekde oňyn tejribe toplandy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlary bolan «John Deere» hem-de «CLAAS» kompaniýalary bar.

Häzirki wagtda bolsa ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň netijesidir.

Güljemalhan TÄÇMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu