
Türkmen ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň abraýyny barha belentliklere götermek ugrunda yhlasly okaýarlar, zähmet çekýärler, ylymda, bilimde, sportda, döredijiligiň dürli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň miweleri bolup, biziň her birimizi, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ähli işjeň agzalaryny buýsandyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Bu jümleler, bildirilen beýik ynam türkmen ýaşlarynyň öňünde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar.
Taryha altyn harplar bilen ýazylan ýyllara ser salsak, 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşyp, ýurdumyzyň işçi, gullukçy, daýhan, talyp we okuwçy ýaşlary bilen geçiren duşuşygynda ýaşlara ýüzlenip: «Size tutan işiňizi ahyryna çenli ýetirmek, sowatly we başarjaň hereket etmek, işde, okuwda, döredijilikde dünýäniň ösen tejribesine daýanyp, iň öňdebaryjylara goşulmak zerurdyr. Onuň üçin biz hem döwlet tarapyndan elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys. Sizi hemişe goldarys we zähmete höweslendirip, ruhlandyryp durarys» diýip bellän bolsa, ýurdumyzyň talyp ýaşlary bilen geçirilen umumy sapagynda Milli Liderimiz: «Biz belent maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Men ýaşlarymyzyň el-ele berip, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öňde goýlan belent maksatlara ýetjekdiklerine, Watanymyzyň şöhratyny arşa göterjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, biz, bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirdi.
Türkmen ýaşlarynyň hak Howandary Gahryman Arkadagymyz: «Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar» diýip, örän jaýdar belleýär. Ýaşlar guramasyna we onuň ähli agzalaryna bu günki gün täze döwrüň ruhuna, ýurdumyzda amal edilýän döredijilikli başlangyçlaryň many-mazmunyna oňat düşünýän, syýasy taýdan sowatly, jogapkärçilikli, beden taýdan sagdyn, arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işlerde aýratyn işjeňlik görkezmek zerurdyr.
Çingiz SEITOW,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň baslygy.