Slider

Ýaşlyk, terbiýe we gözellik

20-06-2024 / 28

Geljeginiň bagtly bolmagynyň aladasyny edýän kişiniň, öňi bilen, şol bagta mynasyp nesil ýetişdirmelidigi hemmä belli hakykatdyr. «Ekeniňi orarsyň» diýýän halkymyz hem nesil terbiýesinde diňe bir öwüt-nesihata bil baglaman, görelde görkezmegiň üsti bilen täsir etmegi dogry hasap edipdir. Bu ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da kämilleşip, üstünlikli dowam etdirilýär.

Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir. Çünki çagalyk döwründe alnan terbiýe şahsyýetiň kemala gelmeginde we durmuş daragtynyň berk kök urmagynda esasy binýat bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaş nesilleri beýik döwre mynasyp adamlar edip ýetişdirmek we olaryň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen, «ýaşlaryň şäheri», «bagtyň şäheri» hasaplanýan Arkadag şäheri hem, ilkinji nobatda, ýaşlaryň, nurana geljegiň aladasy bilen gurlan şäherdir.

«Bilşimiz ýaly, taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr. Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler. Dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyz innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydyr, täze tehnologiýalary döretmelidir. Dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galmaly däldir. Siz täze ylmy işleriňiz, düýpli açyşlaryňyz bilen özüňizi öňdebaryjy nesiller hökmünde dünýä tanatmalysyňyz» diýip, buýsanç bilen nygtaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen «akylly» şäheriň düýbi tutulan pursatlaryndan başlap, bu döwlet bähbitli asylly işe türkmen ýaşlarynyň hem öz goşantlaryny goşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Bu gün ynsan durmuşyny özgerdýän şeýle özboluşly sazlaşygy Arkadag şäheriniň döwrebap keşbinde görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde kämil durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi halkymyzyň ýaş nesli zähmete höweslendirmek, beýik maksatlara gönükdirmek ýaly ýörelgelerinden gelip çykýar. Bu gün bagtyýar türkmen ýaşlary öz yhlaslaryndan, ukyp-başarnyklaryndan bina bolan şäherde halal zähmetiň lezzetini duýup ýaşaýarlar.

Dünýägözel HAÝTEKOWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu