Türkmenistanyň teklibine laýyklykda, Täjigistanyň we Eýranyň goldamagynda «Çaga sallançagyny ýasamak we hüwdiniň ýerine ýetirijilik däplerini» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin köptaraplaýyn hödürnama taýýarlanylyp, bu gurama ýetirildi.
«Ýurduň welaýatlarynyň taryhyny çuňňur öwrenmek, olaryň çäklerinde saklanyp galan, emma entek hasaba alynmadyk we doly öwrenilmedik taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olaryň hem halkara derejesini beýgeltmek babatda degişli işleri meýilnamalaýyn esasda alyp barmagy dowam etdirýäris» diýip, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda belleýär.