
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni rowaçlandyrmak, ýokary netijeli sporty has-da ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde gurlup ulanmaga berlen sport desgalary bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň sport bilen meşgullanýan, bedenlerini berkidýän, şeýle-de gyzykly we çekeleşikli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýerlerine öwrüldi. Dünýä hil derejelerine laýyk gelýän sport desgalarynyň, şol sanda sport mekdepleriniň ýaş nesilleri diňe bir beden taýdan däl-de, eýsem, ruhy taýdan hem terbiýelemekde, olarda maksada okgunlylygy, tutanýerliligi, özlerine bolan ynamy kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygynam bellemek gerek.
Hemişelik Bitarap Watanymyz sport pudagynda täsir galdyryjy üstünlikler gazanýar. Mysal üçin, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyza uly abraý getirendigi jedelsizdir. 2018-nji ýylda bolsa «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy we agyr atletika boýunça dünýä çempionaty uly üstünlik bilen geçirildi. 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiadanyň meýilnamasyna görä, agyr atletika boýunça zenanlar arasyndaky ýaryşda ilkinji kümüş medalyň gazanylmagy milli sportumyzyň taryhynda şanly waka boldy.
Ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlarda ýokary üstünlikleri gazanan türgenleriň we tälimçileriň döwlet derejesinde sylaglanylyp, olara hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň durmuşyna, ykbalyna, ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine bagyşlap döreden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda türkmen sportunyň ösüşlerine aýratyn orun bermegi, ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy, sportuň innowasion görnüşlerini ornaşdyrmak, ösdürmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylmagy türkmen sportunyň täze ösüşlerini dünýä äşgär edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy, 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada kabul edilen çözgütler, şeýle hem geçen ýylyň noýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň üstünlikli guralmagy iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrýar.
Sport häzirki wagtda ähli ulgamlary gurşap aldy. Sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz edýän maslahatlara, duşuşyklara, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara biziň türgenlerimiz hem yzygiderli gatnaşýarlar. Şeýle çäreleriň ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrülmeginiň oňyn netijelerini berýändigi bolsa guwandyryjydyr.
Ikram HAZRATKULOW,
Köýtendag etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň futbol boýunça tälimçisi.