Slider

Arkadag şäheri — döwrebap durmuşyň nusgasy

20-06-2024 / 15

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda «akylly» şäheriň dabaraly ýagdaýda açylmagyna bir ýyl dolýar. Şu mynasybetli täze şäherde baýramçylyk dabaralary meýilleşdirildi.

Arkadag şäheri —  türkmen topragynda durmuşyň haýran galdyryjy derejede öňe gidýändiginiň, guwandyryjy ösüşlerimiziň aýdyň güwäsi. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Arkadag şäheriniň açylmagynyň 1 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralara hem giň orun berilýär. Baý mazmunly çärelerde täze şäheriň sazlaşykly ösüşi, ilatyň bagtyýar durmuşy, bu künjegiň ajaýyplyklary öz beýanyny tapýar.

Gurýan, döredýän döwlet kuwwatlydyr. Bu düşünje täze döwrüň gurmak ýolunyň, häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän binagärlik sungatynyň aýdyň beýanydyr. Ol ruhy-medeni gymmatlyklarymyz ýaly, beýik döwrüň aýdyň keşbini özünde şöhlelendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy döwrüň ruhuna kybap derejede durmuşa geçirilýär. Innowasion teklipler, täze garaýyşlar esasynda işlenip düzülen bu maksatnamada göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň ekologik howpsuzlygyna, hil derejesine aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň şähere ýygy-ýygydan iş saparyny amala aşyryp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda göz öňünde tutulýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy, olara degişli düzedişleri girizmegi, bu ugurda gyzyldan gymmatly maslahatlaryny bermegi sebitde iň iri şähergurluşyk taslamasyny dolulygyna we kämil derejede durmuşa geçirmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäginde taýýarlanylan taslamalar, meýilleşdirilýän gurluşyk işleri, täze binalar, döwrebap desgalar ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, täze tejribeleri özünde jemleýär. Döwrümiziň buýsanjyna öwrülen Arkadag şäheri täze keşbi, gözel görki bilen nur saçýar. Ol ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini, abadançylygyny, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň, sagdyn ýaşaýşynyň ýokary derejede üpjün edilýändigini aýdyň şöhlelendirýän aýnadyr.

Merjen GURBANGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu