
Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet arkaly dünýä maglumatlar binýadynyň we elektron kitaphanalaryň giň elýeterliligi bilen baglydyr.
Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Häzirki wagtda «sanlylaşdyrma», «bilimiň sanly özgermegi», «sanly bilim gurşawy» diýen düşünjeler bilim işini dolandyrmagyň nazaryýetine we amaly tejribesine berk ornaşdy. Sanly bilim sanly tehnologiýalary bilim edaralarynda giňden peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Olar maglumatlary toplamagy, gaýtadan işlemegi, geçirmegi, saklamagy we bermegi üpjün edýär. Bilimiň sanly özgermegi çalt özgerýän sanly bilim gurşawynda bilimiň mazmunynyň, usullarynyň, guramaçylyk görnüşleriniň, netijeleriniň we olary bahalandyrmagyň ulgamlaýyn täzelenmeginiň, şeýle hem okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň hasabyna gazanylýar. Sanly bilim gurşawy bilim edaralarynyň işini üpjün etmek, okuwda ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin döredilýän hem-de ösdürilýän sanly enjamlaryň, maglumat ulgamlarynyň, çeşmeleriniň, gurallarynyň we hyzmatlarynyň toplumydyr.
Ylym — bu täze açyşlara ruhlandyrýan güýç, ösüşiň esasy hereketlendirijisidir. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak, Diýarymyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak ylym ulgamyny ösdürmegiň baş maksatlarynyň biridir. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak ýurdumyzyň häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygydyr.
Nurmämmet ORAZMÄMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.