Gije-gündiziñ dowamlylygy hemmeler üçin deñdir. Ýöne käbir adamlar bir günüñ dowamynda ähli işlerini tamamlamaga, dostlary bilen duşuşmaga, agşam naharyny taýynlamaga,medeni dynç almaga, öý işlerini etmäge hem-de ýeterlikli ukyny almaga ýetişýärler welin, käbirleri bolsa, yhlasly jan edip işleseler-de işleri wagty bilen ýerine ýetirilmeýär, hemişe ýadawlygy duýýarlar, ýary gijeden soñ uklaýarlar. Aslyýetinde esasy mesele şahsy we iş wagtyñy dogry sazlap bilmekdir. Ähli zada ýetişmek – işlemek, joşgunly durmuşda ýaşamak üçin taým menejmentiñ esasy ýörelgelerine düşünmek hem-de ýönekeý, emma netijeli usullaryny we tärlerini bilmek ýeterliklidir.
Taým-menejment we onuñ görnüşleri
Taým-menejment -bu günden-güne oýlanmazdan , parhsyz sarp edilýän, adam üçin iñ gymmatly baýlyk bolan “wagty” rasionallaýyn ( paýhasly, añly-düşünjeli) we ýokary öndürijilikli ulanmaga mümkinçilik berýän ulgam. Wagtyñy dogry sarp etmek üçin uçursyz zehinli bolmak zerur däldir, islendik adama düşnükli bolan ýönekeý usullary, tärleri özleşdirmek ýeterliklidir. Taým-menejment iñlis dilinden sözme-söz terjime edilende ” wagty dolandyrmak” manysyny berip, wagtyñy dogry sazlamagy, sarp etmegi añladýar.
Taým-menejmentiñ esasy üç görnüşi bar: şahsy, professional we sosial.
Şahsy taým-menejment – bu adamyñ öňünde goýan maksatlaryna ýetmek we wagtyny dogry gurnamak üçin şahsy karary netijesinde ulanýan usullarynyñ we tärleriniñ jemi.
Professional taým-menejment iş wagtyna dahylly bolmak bilen, wagtly-wagtynda dynç almagy sazlaşdyrmak bilen bir hatarda ýerine ýetirilýän işiñ hilini saklamak arkaly iş gününi dogry rejelemegi göz öñüne tutýar.
Sosial ( guramaçylykly) taým-menejment toparyñ – ähli işgärleriñ ýa-da belli bir guramanyñ işini dogry we sazlaşykly guramaga mümkinçilik berýär. Taým-menejmentiñ şeýle görnüşi köplenç, ýolbaşçylar tarapyndan ol ýa-da beýleki bir kärhananyň işgärleriniñ arasynda wezipe-borçlaryny agram salmazdan deñ paýlamak üçin ulanylýar.
Taým-menejmentiñ esasy wezipeleri
- Wagty hem-de maksatlaryñy dogry rejelemek we işleriñe ýetişmek.
- Iñ ýokary netijäni gazanmak.
- Ruhy çökgünligi döredýän çeşmeleri aýyrmak.
- Özüñ üçin wagt tapmak.
- Özüňe erk edip bilmek.
- Arzuwlaryñy durmuşa geçirmek.
Wagty dolandyrmagyñ sungatyny özleşdiren adam ýüze çykýan ýagdaýlara boýun bolman, özüne erk edip , maksatlaryna ilerleýän ýoly özi gurýar.
Taým-menejmentiñ esasy ýörelgeleri
- Maksatlaryñy aýdyñ kesgitlemek.
- Esasy baş maksatlaryñy bellemek.
- Ýerine ýetirmeli işleriñi meýilnamalaşdyrmak.
- Käbir şertlere uýgunlaşyp bilmek.
- Öz hereketleriñe baha berip bilmek.
- Ähli meýilnamalary, olara girizilen üýtgeşmeleri kagyz ýüzünde ýa-da gündeligiñde bellige almak.
- Hökmany ýagdaýda dynç almaga wagt aýyrmak.
- Şol bir işi ýerine ýetirmekden saklanmak
- Ilkibada ýönekeý işleri, soñra çylşyrymly işleri ýerine ýetirmek.
- Ünsüñi sowmazlyk .
Wagty dogry sarp etmegiñ esasy şerti özüñi erk edip bilmekdir. Eger adam wagtlaýyn isleglerini soña goýup bilmese, onda ýerine ýetirýän işiniñ netijeliligi barada diñe bir hyýal etmek galýar.
Taým-menejmentde ulanylýan usullar.
“1-3-5” usuly.
Her gün dürli gerimli işleri ýerine ýetirmeli. Meselem, ilkinji nobatda uly ähmiýetli , soñra 3 sany ortaça möçberli, ondan soñra 5 sany ownuk işleri ýerine ýetirmeli. Şeýle ýagdaýda edilmeli işler deñölçegli paýlanylýar.
” Kanban” usuly
Şeýle ulgam bellenilen işiñ tamamlanandygyny, prosessdedigini ýa-da öz nobatyna garaşýandygyny yzarlamak üçin ulanylýar. Basgançaklary göz öñüne getirmäge tagta we reñkli kagyzlar kömek eder. Tagtada üç sany sütün çyzmaly – ” Etmeli”, “Prosessde” we ” Tamamlandy ” . Reñkli kagyzlarda edilmeli işleri ýazmaly we olary deslapky ýagdaýyna görä sütünlerde ýerleşdirmeli, kagyzlaryñ ýerini işiñ basgançagyna laýyklykda üýtgetmeli.
10 minudyñ düzgüni
Eger-de sizde haýsydyr bir iş kynçylyk döredýän bolsa, ol işe hiç hili başlasyñyz gelmese , hemişe boldugyça yza süýşürýän bolsañyz , onda siz şu usuly ulanyp bilersiñiz. Özüñize şol iş üçin diñe 10 minut wagtyñyzy sarp etjekdigiñize söz beriñ we işiñ başyna geçiñ! Esasy zat şol işe başlamak , wagt aralygynda siz oña öwrenişýäñiz hem-de ony tamamlamak hiç hili kynçylyk döretmez.
Taýýarlan: Ykbal AZADYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniñ talyby