Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Sanly ulgam arkaly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary mübärekläp, biz şu gün Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys diýip belledi. Bu şatlykly waka Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaralary bilen utgaşyp geldi.
Gahryman Arkadagymyz Jemal Saparowa ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda folklor, etnografiýa, aýdym-saz, tans studiýasynyň açylandygyny ýatlady. Şol ýyllarda Siziň janypkeşligiňize, sungata tüýs ýürekden berlendigiňize has ýakyndan şaýat bolmagyma mende-de mümkinçilik döräpdi. Şol ýyllaryň ýeňil bolmadyk şertlerinde sungatymyzy milli äheňde, milli ruhda dowam etdirmekde, joşgunly çykyşlaryňyz bilen halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda uly işleri alyp bardyňyz. Siz milli saz gurallarymyzda ýerine ýetiren çykyşlaryňyz, «Gyzlar», «Heserli», «Çapak», «Köne güzer», «Bilezik» ýaly tanslaryňyz bilen halkymyzyň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny açyp görkezmegi başardyňyz. Siziň ýolbaşçylygyňyzdaky «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa topary şol geçen ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplamak bilen, Diýarymyzda tutulýan tutumly toý-baýramlaryň, iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň bezegine öwrüldi. Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän dabaralarda hem muňa ýene-de bir gezek şaýat bolýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, şu günki dabara bagyşlan “Jemal bagşy Siz” atly goşgusyny okady.
Giň jahanyň görki bahar-ýazdadyr,
Ojaklaryň berki halal duzdadyr,
Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr,
Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz!
Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!
Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar,
Diýaryma täze taryh ýaraşar,
Parahatlyk sungat bilen gül açar,
Watana söýgüde belent bagtyňyz,
Ýaş nesle nusgalyk Jemal bagşy Siz!
Sanly ulgam arkaly çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýygnananlara berk jan saglyk, uzak ömür, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw etdi.