Slider

Kitap — bilim sandygy, akyl jamy

15-06-2024 / 128

Kitap okamak, dürdäne pikirlere, pähim-paýhasa eýermek maşgalada-da, jemgyýetde-de mertebäňi beýgeldýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Kitaby söýýän okumyş adamyň düşünjesi çuň, dünýägaraýşy giň bolýar. Çünki kitaplarda dürdäne pikirler, dünýä akyl ýetirmegiň usullary, syrlary, ynsanyň içki dünýäsine oňyn täsirini ýetirýän ruhy gymmatlyklar beýan edilýär.

Ynsan kitap okamak arkaly elmydama täzeçe pikirlere eýe bolýar. Çünki kitap okaýan adamyň beýnisi hemişe işjeň bolup, bu endik ýatkeşligi, ünsi güýçlendirýär. Adam kitap okaýan wagty özüni, göýä diýersiň, başga bir täsin gurşawda ýaly duýýar. Kitaplaryň dürli-dürlüligine garamazdan, okaýan eserleriniň içinde ýaşaýar. Eger-de kitap edep-terbiýe barada bolsa, özünde şol gowy terbiýäniň şinelemegine, ylmy bolsa, täze açyşlardyr oýlap tapyşlara, çeper eserler bolsa, döredijilige ymtylmaga ýardam berýär. Bularyň ählisi hem, esasan, töweregiňdäki adamlar bilen düşünişmäge bolan mümkinçilikleriňi artdyrýar. Kitap okaýanlar dartgynly ýagdaýlara düşenlerinde hem özlerini rahat alyp barýarlar, ýüze çykan ýagdaýy parahatlyk bilen çözýärler.

Okumyş adamyň dünýägaraýşy hemişe giň, içki pikirleri has-da baý, söz baýlygy bolsa diýseň ösendir. Pikirlenmesi durnukly we açykdyr. Alymlaryň subut etmeklerine görä, adam ýatmazyndan öň kitap okasa, nerw ulgamy rahat bolýar. Şuny-da unutmalyň, haýsy ýurtda kitap köp satylyp, köp okalýan bolsa, hiç şübhesiz, ol ýurtdaky adamlaryň biri-biri bilen gatnaşygy, özara ylalaşyklylygy has-da güýçli bolýar.

Bu günki gün dünýä ýüzünde ylym we tehnologiýa ösýär, kitaphanalarda neşirler elektron nusgada okalýar, kitap önümçiliginiň-de mümkinçilikleri giňeýär. Diňe bir eserli, tekstli däl, eýsem, suratlar bilen bezelen, bezeg usullaryndan peýdalanylyp çap edilen kitaplary eliňe alanyňda-da paýhas bilen sungatyň, dizaýner taslamalarynyň özboluşly sazlaşygyny duýýarsyň. Häzirki wagtda ýurdumyzda kitap önümçiligine aýratyn ähmiýet berilýär.

Nesibe TAJYÝEWA,
Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu