
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, türkmen halkynyň taryhyna zynat berýän milli gymmatlyklarymyz mukaddeslik derejesinde sarpalanýar. Türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen, gözelligi we nepisligi bilen meşhurlyk gazanan milli halyçylyk sungatymyz hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen milli sungatymyzdyr.
Haly — halkymyzyň milli buýsanjy. Ol iňňän çeperçilik we ussatlyk bilen döredilýär. Haly ata-babalarymyzyň ruhy ahwalyndan, belent ylmy aň-düşünjesinden, pelsepewi garaýyşlaryndan kemala gelen gymmatly mirasymyzdyr. Halylar öýlerimiziň, toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen bilelikde halkymyzyň taryhyny dünýä ýaýýan sungatdyr. Şol sebäpli hem ýurdumyzyň ähli künjeginde halyçylyk sungatyna aýratyn üns berilýär.
Halk senetçiliginiň iň bir naýbaşy görnüşleriniň biri bolan halyçylyk sungatynyň gadymy däplerini dikeltmek, döredijilikli ösdürmek, şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen halysynyň milli muzeýi döredildi. Halylaryň ajaýyp nusgalarynyň genji-hazynasynyň saklanýan ýeri bolan bu muzeý döwletimiziň iri medeni merkezleriniň biridir. Muzeýde iň äpet halylar bilen bilelikde iň kiçi haly önümi bolan açarlaryň haly daşlyklary hem bar. Bu ýerde taryhy ähmiýetli we häzirki döwrümize degişli ajaýyp haly önümleriniň 8 müňe golaýy bar. Häzirki döwürde türkmen halylarynyň ajaýyp nusgalary Parižiň, Sankt-Peterburgyň, Londonyň, Nýu-Ýorkuň we dünýäniň beýleki şäherleriniň iň uly muzeýleriniň bezegine öwrüldi.
Haly sungaty halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň, taryhy aýratynlygynyň, medeni däp-dessurlarynyň çeper beýanydyr. Türkmen halkynyň agzybirliginiň, bitewüliginiň we jebisliginiň milli nyşanydyr.
Dünýägözel HAÝTEKOWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.