Slider

Tomus möwsüminde taplama çäreleri

15-06-2024 / 170

Ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny gazanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Tomusky dynç alyş döwründe çagalar baglarynda körpeleriň aň we beden taýdan sagdyn ösüşini ýola goýmak işi utgaşykly alnyp barylýar. Şunda çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçileri «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsüminde geçirilýän gyzyklanma çäreleriniň mysaly tertibine» esaslanyp, ýörite meýilnama esasynda iş alyp barýarlar. Şoňa laýyklykda, körpeler bilen guralýan «Hereketli oýunlar», «Gyzyklanma çäreleri», «Aýdym-sazly göwnaçmalar», «Duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar» olaryň duýgularyny ösdürip, kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Tomus paslynda geçirilýän işler taplama çäreleri bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bu işleri talabalaýyk we göwnejaý guramakda biziň çagalar bakja-bagymyzda öňünden taýýarlyk işleri görüldi. Körpeleriň açyk howada gezelenç etmekleri üçin ýörite meýdançalar taýýarlanyldy. Günüň birinji ýarymynda toparlarda irki maşklar, irki gezelençler, gyzyklanma çäreleri geçirilýär.

Tomusky sagaldyş möwsüminiň has netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen, biziň çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçi-usulçylary çäre guradylar. Çärede körpeler «Başarjaň eller» diýen tema esasynda surat çekdiler. Olar gözel Watanymyzy, sporty, hormatly Prezidentimizi wasp edýän aýdymlary we goşgulary ýerine ýetirdiler. Gyzyklanma çärede tomus paslynda köp duş gelýän kebelekleriň, arydyr gülleriň şekilleri çekildi, şeýle hem körpejeler goşulyp matallar aýdyşdylar. «Sport älemine syýahat» diýen temadan aýy, towşan, gurbaga ýaly erteki gahrymanlary hem çagalarda gyzyklanma döretdi. Körpejeler haýwanlaryň hereketlerine öýkünip, şol maşklary taplama meýdançalarynda ýerine ýetirdiler. Çagajyklaryň terbiýeçiniň görkezmesi boýunça sporta degişli aýdym-sazyň täsirinde halkalaryň kömegi bilen ýerine ýetiren şadyýan tanslary has hem täsirli boldy. Çagalar bakja-bagymyzda geçirilýän gyzyklanma çäreleri körpejelerde ýakymly ýatlamalary galdyrýar.

Miýesser NURNIÝAZOWA,
Akdepe etrabyndaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu