Slider

Ýaş nesillere mekdep

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

14-06-2024 / 55

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä poeziýasynyň genji-hazynasynyň dür däneleridir. Onuň ajaýyp şygryýeti arkaly türkmeniň ady dünýä edebiýatynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Öz şygyrlarynda türkmen halkyny jebislige, agzybirlige çagyran akyldar şahyrymyzyň arzuwly şygyrlary bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hakykata öwrüldi. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz bolsa nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň has-da içgin öwrenilmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilen ýyly boldy.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Gündogar edebiýatynyň gazananlaryny, kämilligini hem-de baý tejribesini özünde jemleýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ilkinji öwrenijileriň biri — wenger alymy Arminiý Wamberi beýik söz ussadynyň poeziýasynyň Gündogar edebiýaty bilen berk baglanyşyklydygy barada şeýle diýýär: «Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy iňňän gyzykly. Onda, bir tarapdan, biz türkmen diliniň arassa nusgasyny görsek, ikinjiden, şu ýygynda girýän goşgularda beýleki Gündogar şahyrlarynyň eserlerinde seýrek duş gelýän zatlar barada jikme-jik aýdylýar». Gündogarşynas alym başga bir işinde bolsa: «Magtymguly Hoja Ahmet Ýasawy hem-de beýleki häzirki döwürde şöhrat gazanan özbek halk şahyrlary Bidil, Fizuly, Rewnak, Allaýar, Meşrep we beýlekilerden sähelçejik hem tapawutlanmaýar» diýip, Magtymguly atamyzyň döredijiligine uly baha berýär.

Akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny okanyňda, Gündogaryň beýik söz ussatlary, ady belli şahsyýetleri, taryhy wakalary, meşhur aşyk-magşuklary hem-de ajaýyp çeper eserleri bilen baglanyşykly setirlere örän köp duş gelýärsiň.

Çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan, çeperçiligi bilen maýyl edýän ajaýyp şygyrlary arkaly Magtymguly atamyz hem Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz, Sagdy, Jamy, Nowaýy ýaly Gündogaryň meşhur şahyrlarynyň arasynda ýalkymly şöhle saçýar. Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleri türkmen halkyna ýol görkezijidir, ösüp barýan ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi üçin ägirt uly mekdepdir.

Nartäç HUDAÝBERDIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu