
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly baý mazmunly kitabyny okanyňda, ýaşlaryň durmuşymyzda uly orun tutýandygyna, olara uly ynam bildirilýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bilim ulgamynda belent derejelere eýe bolan Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman ylmyny çuňňur öwrenmeklerine, şeýle-de daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmeklerine giňden ýardam edýär.
Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda, obadyr şäherlerimizde täze-täze ýaşaýyş jaý toplumlary, halkara ülňülerine laýyklykda mekdeplerdir çagalar baglary, dynç alyş merkezleri, şypahanalar, myhmanhanalar, sport we sagaldyş toplumlary yzygiderli gurulýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bagtyýar halkynyň, şol sanda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent, ýokary ahlakly, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin irginsiz edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň röwşen geljeginiň hut şu günden gözbaş alýandygyny belleýär. Şonuň üçin-de ýaş nesliň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Şunda olaryň dynç alyş günleriniň many-mazmunly geçmegine ýardam edýän ýöriteleşdirilen merkezleriň, seýilgähleriň, dynç alyş zolaklarynyň sanyny artdyrmaga, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Arslan HALJANOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Daşoguz şäher bölüminiň müdiri-uly döwlet bellige alyjysy.