
Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýan özgertmeler her bir raýatyň bähbidine, halkyň abadançylygyna, aň-bilimiň, ylmy-innowasion binýadyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilýär. Arkadag şäheri hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ynamly ädimlerini alamatlandyrýar. Bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi esasy ýörelge bolup durýar.
Ýaşlara ähli döwürde-de ýurduň geljegi hökmünde garalyp, bitirilýän beýik işleriň ählisi olaryň röwşen ertirleriniň bähbidine gönükdirilipdir. Diýarymyzda amal edilýän islendik işde ata Watanymyzy bagtyýarlyga, rowaçlyklara beslemekde ýaş türkmenistanlylaryň paýynyň uludygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Arkadag şäheri hem ýaşlaryň döredijilik başlangyçlarynyň durmuşa ornaşdyrylýan, hünär kämilligini artdyrýan özboluşly meýdançasydyr. Jemläp aýdanyňda, bu şäher ýaşlaryň we ýaşlygyň şäheridir.
Özüniň owadanlygy we binagärlik-şähergurluşyk babatda gaýtalanmajak keşbi bilen dünýä jemgyýetçiligini özüne çeken Arkadag şäheriniň halkara duşuşyklaryň, sport we medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini bellemek gerek. Hut ýakynda hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada üstünlikli geçirildi. Munuň özi bu döwrebap şäheriň halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýändigini, şol sanda-da milli bilim ulgamymyzyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygyny alamatlandyrdy.
Ýolly ALLABERDIÝEWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.