Slider

Tebigaty goralyň!

14-06-2024 / 49

Ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri emeli döredilýän tokaý seýilgäh zolaklarydyr. Tokaý seýilgäh zolaklary Ýer togalagynyň öýkenidir. Sebäbi atmosferadaky kislorodyň 60 göterimi tokaý seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Orta boýly 1 bag nahaly bir gije-gündiziň dowamynda 3 adamyň dem almagy üçin gerekli kislorody bölüp çykarýar. Tokaý seýilgäh zolaklarynyň 1 gektary bolsa şol bir wagtda 24 kilogram kömürturşy gazyny özüne çekýär. Bir ýylyň dowamynda tokaý seýilgäh zolaklarynyň 1 gektary 50 – den 70 tonna çenli tozany öz üstünden geçirip howanyň tämiz bolmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanda ähli babatda tebigaty goramak we baglary köpeltmek, tokaý zolaklaryny giňeltmek bilen bagly işler yzygiderli dowam edýär. Türkmen sährasy ýerüsti, ýerasty, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Garagumuň ot-çöplere, ösümliklere baý sähra-düzlükleri ýurdumyzyň genji-hazynasydyr. Şol baýlyklary gorap saklamak, olary geljekki nesillerimize ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Tebigat-ýaşaýyş, tebigat-gözellik, tebigat-saglyk. Tebigatyň ekologiýa taýdan arassalygy, ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň döredilmegi, Diýarymyzyň bagy-bossanlyga bürelmegi sagdyn durmuş ýörelgesiniň kepilidir. Eziz Watanymyzyň gözel tebigatynyň ekologiýa taýdan arassalygyny, daşky gurşawy gorap saklamakda, tokaý zolaklaryny döretmekde giň möçberli işleri durmuşa geçirmäge uly mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, rejeli peýdalanmak, tokaý zolaklary barada ýaş nesillere düşündirilýär. Bu bolsa ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek bilen, işleri ýola goýmaga, tebigatdan rejeli peýdalanmaga täze mümkinçilikleri döredýär. Ýaşlar geljekde durmuşa geçirjek işlerini tebigat bilen sazlaşykly alyp barmagy, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagy öwrenýärler. Bu bolsa, öz gezeginde, röwşen geljegimizi üpjün edýär.

Wepa WELIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu