Slider

Bagtyýar körpeler – geljegimiz

14-06-2024 / 8

Golaýda Tagtabazar etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynda aýdym-sazly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda geçirilen çärä ady agzalan guramalaryň wekilleri, çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler, terbiýeçiler hem-de mugallymlar gatnaşdylar.

Çäräniň başynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Tawus Aşyrowa, TKA-nyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap birleşimesiniň başlygy Ýazdurdy Abdyrahmanow, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Göwher Taganowa hem-de beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda parahat ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň döwrebap-bilim terbiýe almagy, olaryň Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin alnyp barylýan işler dogrusynda durlup geçildi.

Soňra körpejelerimiziň taýýarlan aýdym-sazly şowhunly çykyşlaryna tomaşa edildi. Ata Watanymyzy, berkarar döwletimizi, bagtyýar çagalygy hem-de gözel tebigatymyzy  wasp edýän aýdym-sazlar çäre gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň erkana okap, bilim almaklary ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ajaýyp ORAZMUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu