Döwletiň şaly ösdürip ýetişdirmek pudagyny ösdürmek, şalyny üstünlikli ösdürip ýetişdirmek üçin ösen düzümleri döretmek boýunça alyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda şaly öndürmek üçin doly tapgyr döredildi. Birnäçe ýyl bäri işläp gelýän S.Türkmenbaşy etrabynyň çäginde, şaly meýdanynyň golaýynda belli «Satake» kysymly ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilen şaly arassalaýjy kärhana, şaly ýetişdirýän hojalyklaryň ählisi üçin ýokary hilli tohum önümçiligini döretmäge mümkinçilik berdi. Şu ýyl hem ekişde kärhanada taýýarlanan ýokary hasyllylygy, kesellere durnuklylygy bilen tapawutlanýan, tagamy datly «Nöküs-2» we «Bereket» görnüşli tohumlary ulanyldy.