
Mydama işjeň hereketde bolmaly. Her gün fiziki we akyl taýdan hereket etmäge çalyşmaly. Öý-hojalyk işlerini ýerine ýetirmeli, bagda, bakjada işlemeli, kitap okamaly, küşt-şaşka oýnamaly, krossword çözmeli. Akyl zähmeti bilen meşgullanylýan wagtda, käte ýeriňden turup, otagyň içinde gezmelemeli. Ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeriňizde her gün jaýyň ýokarky gatlaryna birnäçe gezek galyp-düşmeli. Basgançaklar boýunça ýokary galynýan wagtda dem almak ilkibaşda kynlaşar. Ýöne basgançaklarda ýöremek mydamalyk endige girizilende, soňabakan beden şeýle fiziki agrama öwrenişer we dem alyş kadalaşar.
Saglyga zyýan ýetirýän zyýanly endikleriň biri hem, temmäki önümleri. Zyýanly endiklerden daşda durmaly. Temmäki we şoňa meňzeş önümler adamyň merkezi nerw ulgamynyň işini güýçli derejede ýokarlandyrýar. Bu bolsa adamyň aňynyň belli bir derejede üýtgemegine, temmäki önümlerine öwrenişmegine we şol serişdelere bagly bolmagyna getirýär. Mundan başga-da, ol serişdeler ýürek-damar keselleriniň emele gelmegine, agramyň pese düşmegine, iýmit ýetmezçiligine, immunitetiň peselmegine, aşgazan-içege kesellerine, deriniň sanjymdan soňky zeperlenmelerine, iriňli ýaralaryň döremegine getirýär.
Çilim yzygiderli çekilende, köp wagtyň geçmegi bilen bedene düşýän nikotin we beýleki zäherli maddalar dowamly zäherlenmä getirip, ol her dem alyş agzalarynyň, aşgazan-içege ýollarynyň, duýuş, eşidiş, görüş, ys alyş, jyns agzalarynyň işleýşinde näsazlyk döredýär. Çilim çekýänlerde böwregüsti mäziniň bölüp çykarýan gormony bolan adrenalin ganyň düzüminde köpelip, damarlary gysýar, esasan hem, ýürek damarlaryna täsir edýär. Aterosklerozyň döremegine itergi berýär, gipertoniýa keseline, ýüregiň işemiýa keseline we onuň gaýraüzülmelerine getirip bilýär. Gipertoniýa keseli olarda, çilim çekmeýänlere garanyňda, on esse köpdür. Çilim çekmek öňden bar bolan içki agzalaryň keselleriniň ýitileşmegine getirýär.
Çilim çekmek diňe bir çilimkeşiň saglygyna zyýan bermän, eýsem, onuň töweregindäki sagdyn adamlaryň bedenine hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Çilim çekmeýän adamyň temmäki tüssesinden dem almagy, edil çilim çekýänleriňki ýaly zähere sezewar bolýar.
Dynç alyş wagtyny peýdaly we gyzykly geçirmeli. Açyk tebigata gezelenje çykmaly, şypahanalarda saglygyňy dikeltmeli, dürli sport oýunlaryny, futbol, woleýbol, tennis, basketbol oýnamaly, kinoteatrlara, konsertlere gitmeli, ýakyn dostuň ýa-da joraň bilen çaýyň başynda ýürekdeş gürrüň etmeli.
Kerimbaý ERGEŞOW,
Darganata etrap hassahanasynyň newropotolog lukmany.